TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünarleri)

  1. Gurluşygyň  tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň   ekspertizasy we dolandyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy; ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary; demir ýollarynyň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy).                               Aeronawigasiýa  we  awiasion  hem­de   man  senagaty  ministrligi  tarapyndan  bellenilen   tykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny tassyk­
  2. Binagärlik (hünär: ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy).         
  3. Maşyngurluşyk   (hünärler:  göteriji­äkidiji,   ýöriteleşdirilen maşynlar we enjamlar; önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
  4. Elektro  we  ýylylyk  energetikasy (hünär:  elektrik üpjünçiligi).          
  5. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).
  6. Informatika  we  hasaplaýyş  tehnikasy   (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; inžener ulgamlary we torlary).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: logistika).                 

Tölegli esasda okadyljak hünärmenleriň taýýarlanylýan ugurlary (hünärleri):  

  1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit).
  2. Ýerüsti  ulagyň  tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak; lokomotiwler; wagonlar; demir — ýol  ulagynda  gatnawlary  guramak  we  hereketi dolandyrmak).    
  3. Aeronawigasiýa  we  awiasion  hem­de  raketa­kosmiki  tehnikalaryny  ulanmak  (hünärler:  howa   hereketiniň dolandyrylyşy;  uçuş enjamlarynyň  we  hereketlendirijileriniň  tehniki  ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).             
  4. Gämi  gurluşygynyň  we  suw  ulagynyň   tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämisürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň   ulanylyşy; gämi gurluşygy).        

Instituta Türkmenistanyň umumy  orta  ýa­da  orta hünär bilimli, ýaşy 35­den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik   esasynda  kabul edilýär.    

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;       

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim baradaky resminama  (asyl nusgasy);  

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş we derman  senagaty  ministrligi  tarapyndan  bellenilen   nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;           

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;             

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;      

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl  nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar  bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:                                         

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary ähli hünärlerde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça geçirilýär:

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenista­nyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilme­ dikler ýa­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň muk­darda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

—saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolma­dyk önümçilik tejribesi bolanlar;

—çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Inžener­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51, tel.: 33­52­33, 39­26­47, 39­26­48.