Aspirantura okuwa girmek üçin näme etmeli? Doktor derejesini gazanmak isleýän talyplara maslahatlar.

30
thumbnail

Erin Alderson

Häzirki wagtda internetdaky  saýtlaryň  köpüsi aspirantura girmek üçin maslahatlary hödürleýärler, emma maglumatlar doly däldir. Resminamalary tabşyrmak streslere sebäp bolup biler: göz öňünde tutmadyk ýa-da howlugyp sypdyran zadyňyz bolup biler. Geljekde size kömek edip biljek maslahatlary aşakada okap bilersiňiz:

  • Internetda azajyk barlag geçiriň, programma barada saýtlary okaň. Her bir  okuw jaýynyň şol bir ugurda öz talaplary bar, şonuň üçin olaryň tapawudyny öwrenmek we özüňize iň amatlysyny saýlamak has gowudyr. Şeýle hem, magistraturadaky koordinatorlaryndan peýdaly maglumatlary alyp bilersiňiz. Şonuň üçin olar bilen öňünden habarlaşmaga synanyşyň. Sebäbi resminamalary tabşyrmagyň möhleti gutarmanka olaryň işleri ýüklenip biler. Mundan başga-da saýtda eýýäm jogap berlen soraglary bermäň, esasy soraglaryňyzy gysgaça soraň.
  • Köplenç anketalar 1-nji sentýabra çenli kabul edilýär. Kämahal bir zady unudyp bilersiňiz , şonuň üçin mümkin boldugyça ýeterli maglumat doldurmaly. Mysal üçin, gysga wagtyň içinde düzme ýazmalydygyňyza göz ýetirip bilersiňiz, gyssagly ýazylyp gaty gowy pikirlenmedik bolur biler. Dolduran maglumatlary okap barlamak üçin wagt aýyryň.
  • Özüňiz hakda ýazmak kyn, esasanam tejribäňiz ýok bolsa. Özüňizi gowy tarapdan görkezmeli, barlamak wagtynda pozuljak gereksiz maglumatlary goşmaň. Hatda umumy maglumatlary ýazmak hem garaşyşyňyzdan has köp wagt alyp biler. Arza tabşyrmazdan ozal koordinatoryňyzyň barlamaly üç beýannamany ýazmak has gowudyr. Olar terjimehal, höweslendiriş hatyndan we höweslendiriş haty bilen bilelikde terjimehaldan ybarat. Haýsydyr bir talap ýa-da nyşanlaryň  belli bir sany bellenen bolsa, olary äsgermezlik etmäň, sebäbi tassyklama görkezmeleri haýsy derejede berjaý edýändigiňizi göz öňünde tutar.
  • Sabyrly boluň. Resminamalaryň alnandygyny tassyklamak köp wagt alyp biler, şonuň üçin olar siz bilen habarlaşýança  garaşyň. Käbir okuw jaýlary gysga wagtyň içinde söhbetdeşliklere çagyrýarlar, ýöne saýlama prosesi ýanwar-mart aýlary aralygynda bolansoň, beýlekiler has uzaga çekýärler. Bu uniwersitetiň özüne bagly, ýöne köpüsi arzalaryň saýlawyndan soň iki hepdäniň içinde belli bolýar. Şeýle-de bolsa, siziň bilen 15-nji aprelden soň habarlaşyp bilerler,sebäbi bu adatça başlangyç teklipleri kabul etmegiň iň soňky möhleti.
  • Bahalaryň tabelini unutmak hem aňsat. Elektron görnüşini ibermek talap edilmeýän bolsa, kagyz görnüşini öňünden taýýarlaň.
  • Hödürleýiş haty möhüm orun tutýar. Ol uzak wagt geçmedik makalalary bilen doly işleýän mugallymdan bolmaly. Mugallym barada gowy pikirleniň we hödürleýiş hatyny ýazyp biljekdigi barada soraň. Eger-de hatyňyz howlukmaç ýagdaýda ýazylmagyny islemesiňiz, professor bilen öňünden habarlaşyň. Şeýle hem, hödürleýiş hatynda bildirmek isleýän rezýumeleriňizi, şahsy maglumatlaryňyzy, mundan ozal okan ýeriňiz  barada maglumatlary tabşyryň. Şeýlelik bilen siz mugallymyňyza dogry hat ýazmaga we tejribäňiz barada maglumaty doldurmaga kömek edip bilersiňiz.
  • Koordinatoryňyz bilen habarlaşmazdan ozal web sahypany barlaň.  Käbir ýerlerde koordinator bilen aragatnaşyk saklamagy höweslendirýärler, ýöne käbirleri bu mümkinçiligi berenoklar. Şonuň üçin olar bilen habarlaşmazdan ozal saýtda okaň. Ilki bilen özüňiz barada gysgaça maglumat beriň we indiki ýyl talyp alyp biljekdigini soraň. Käbir fakultet sahypalary köne, şonuň üçin olara üns bermezlik has gowudyr. Muňa derek, gyzyklanýan mugallymyňyzyň iň soňky neşirlerini gözden geçiriň we gözleg meýilnamalary barada soraň. Mümkin bolsa, onuň bilen görüşiň. Dogry adamy tapmak möhümdir, sebäbi koordinator bilen uzak wagtlap işlemeli bolarsyňyz.

Çeşme: https://www.apadivisions.org/division-6/publications/newsletters/neuroscientist/2017/11/applying-phd?_ga=2.125452170.1617260952.1549613147-754225402.1549278738