Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Magistratura ugurlary
Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; menejment).
Magistratura ýokary bilimden pes bol madyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeş ligiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenis tanda ykrar edilendigi baradaky şahadat namasy goşulýar);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyn dan bellenilen nusgadaky saglyk kepilna masy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesi niň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başgada, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- şahsy pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýada ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgär den goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogap kärçilik çekýär.
Söhbetdeşlikler aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
- ykdysadyýet taýýarlygynyň ugry boýunça — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;
- menejment taýýarlygynyň ugry boýunça — ykdysady nazaryýet, menejment.
Dersler boýunça söhbetdeşlik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esas syz sebäplere görä gelmedikler ýada dersleriň biri boýunça söhbetdeşlikden geçip bilmedikler soňky söhbetdeşlige goýberilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
- saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
- çagyryş boýunça harby gullugy ge çenler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., 1972nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 486271, 486276.