Daşary ýurtdaky talyplar üçin Friedrich-Naumann-Stiftung adyndaky stipendiýa (talyp haky).

Möhleti
30.04.2020
Dereje
Arza göýbermek

Resminamalaryň tabşyrylyş möhleti: 2020-nji ýylyň 30-njy apreli sagat 23:59-ä çenli.

Stipendiýa Federal Daşary işler ministrliginiň talaplaryna laýyklykda berilýär. Daşary ýurt okuwynyň maliýeleşdirilmegi Germaniýanyň uniwersitetlerinde doly okaýan talyplara kömek edýär. Daşary ýurtly talyplar magistr programmasynda ýa-da döwlet synagynyň esasy kursunda stipendiýany almak üçin arzalaryny tabşyryp bilerler. Maliýeleşdirmegiň iň az möhleti iki semestr (ýarym ýyllyk).

Stipendiýa yzyna gaýtarylmaýar. Maliýeleşdirme başda bir ýyla berilýär. Isleg boýunça okuwyň ahyryna çenli uzaldylyp bilner.

Daşary ýurtlarda okuw, barlag saparlary we tejribe işleri maliýeleşdirilmeýär!

Daşary ýurt talyplary üçin zerur resminamalar:

1. Rezýume / CV (iň köp 2 sahypa);

2. Pasportyň nusgasy: şahsy maglumatlaryňyz bilen wiza sahypalary (EUB raýatlaryna degişli däl);

3. Uniwersitete çakylyk ýa-da tassyklanylýandygyňyz barada resmi habar;

4. Bakalawr derejesi ýa-da şoňa meňzeş diplom;

5. Orta bilim şahadatnamasy (nemes ýa-da iňlis diline terjime edilen nusgasy bilen);

6. Uniwersitetiň mugallymlaryndan ýa-da gözegçilerinden alnan iki sany ekspert bahalar (iki hasabaty bakalawr derejesinden alyp bilersiňiz). Bellenen möhletden dört aýdan gijä galman döredilmelidir.

Has köp maglumaty şu ýerde okap bilersiňiz.

• Daşary ýurt okuwlaryny maliýeleşdirmek üçin hünärmenleriň baha beriş şablony. Ýükle

Arzanyň tabşyrylyş prosesi:

Ädim 1. Arzany onlaýn tabşyryň https://shop.freiheit.org/stip/. Doldurylan elektron resminamalary her ýylyň 30-njy apreline we 31-nji oktýabryna çenli tabşyrylmalydyr.

Maliýeleşdirmek, adatça indiki semestriň başynda başlaýar.

Ädim 2. Deslapky saýlaw.

Deslapky saýlaw arzanyň, resminamalarynyň esasynda geçirilýär. Bu ädimi üstünlikli tamamlan her bir talyp, saýlama söhbetdeşlige çakylyk alar.

Ädim 3. Saýlaw söhbetdeşlik.

Bu iş, syýasat, ylym we gözleg wekillerinden ybarat saýlama komitetiniň agzalary bilen söhbetdeşlik bolar. Saýlaw söhbetdeşlikleri ýylda iki gezek, adatça fewral aýynyň ahyrynda, mart aýynyň başynda we awgust aýynyň ahyrynda, sentýabryň başynda geçirilýär.

Ädim 4. Netije.

Saýlaw komiteti kabul etmek barada karar berýär. Netijeler barada iki hepdäniň dowamynda e-mail arkaly habar beriler we Potsdamda täze kabul edilen stipendiatlary ugrukdyryş çäresine çagyrarlar. Giriş ýa-da ret etmek sebäpleri belli bolmaýar. Maliýe almagyň kanuny hukugy ýok.

Has giňişleýin maglumat üçin https://www.freiheit.org/bewerbungsportal

Soraglaryňyz bar bolsa, +49 30 2099-3702 ýa-da freiheit.org arkaly habarlaşyň.