Bilimiň akyl saglygyna täsiri.

13
thumbnail

Köplenç okuwçylaryň köpüsi alada we stresden ejir çekýärler. Bu meseläni çözmäge kömek etjek birnäçe maslahatlary size hödürleýäris.

Amy L. Stamates, MS

Talyplaryň akyl saglygy baradaky öňki barlaglarda, 2279 aspirantlar we magistraturada okaýan talyplarda alada we depressiýanyň kliniki görkezijileri öwrenildi we aspirantlaryň alada we depressiýada bolmak ähtimallygynyň takmynan alty esse ýokarydygy anyklandy.

Aspiranturada okaýan talyplaryň 39% orta we agyr depressiýa aralygynda baha aldylar we 41% görkezijiler aladalanma boýunça tapyldylar. Aspiranturada okaýan talyplaryň stres, alada we maddy ýagdaýlaryny göz öňünde tutsak, buňa geň galar ýaly däldir. Bu ýagdaýdan nädip çykmaly? Ilki bilen, ýeke däldigiňizi we bu ýagdaýdan ilkinji bolup çykmaýandygyňyzy biliň. Ikinjiden, akyl saglygy bilen baglanyşykly töwekgelçiligi we gorag faktorlary barada düşüniň. Aşakda bu ugruň barlaglary boýunça käbir kynçylyklar we peýdaly strategiýalar bar.

Imposter sindromy.

Bu sindrom ylmy jemgyýetde giňden ýaýrandyr – adamda gazanylan üstünlikleri öz häsiýetleri bilen baglanyşdyryp bilmeýän, ýeterliksizlik we başarnyksyzlyk duýgusy döreýär. Şeýle hem bu sindrom aladanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr we akyl saglygy üçin möhümdir. Andrea Robinson gyzykly makalany Div-da neşir etdi. Başlangyç hünärmenler üçin 2017-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky habarlardaky köp zatlary talyplar üçin peýdaly bolup biler. Üstünlikleriňizi ykrar etmegi we ähmiýetli pursatlary bellemegi ýatdan çykarmaň (mysal üçin, ilkinji neşiriňizi tabşyranyňyzda).

Okuw bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylyk.

Okuw bilen şahsy durmuşyň arasynda deňagramlylyk mümkindir. Ýöne bu kyn, tejribe talap edýär we esasanam öý işiniň tabşyrylyş möhleti ýakynlaşýan bolsa elmydama dowam etmek bolmaýar. Hepdelik planlaryňyzy ýazyň we wagty dolandyrmagyň möhümdigi sebäpli şony yzarlamaga synanyşyň. Eger-de irden işlemäge has taýýar bolsaňyz, wagtyňyzy işiňiz üçin aýyryň. Galan wagtyňyzy adaty zatlar üçin ulanyň (mysal üçin, e-mail jogap beriň). Özüňize wagt sarp ediň, azyndan 20 minutlyk gezelenje çykyň ýa-da gyzykly filmleri görüň.

Stres gözegçiligi we özüň barada ideg.

Her adamyň esasy jogapkärçiligi özi barada ideg etmekdir. Bu beden we emosional abadançylyga alyp barýan durmuş ýörelgesine gözegçilik etmekdir we uky, maşk, başgalaryň goldawyny ulanmak we aň-düşünje amallary ýaly faktorlaryndan ybarat. Gözegçiliksiz stres bozulmaga sebäp bolup biler, şonuň üçin seresap boluň. Iş bilen şahsy durmuşyň arasynda ileri tutulýan ugurlary kesgitläň, enjamlardan dynç alyň, depressiýa duýsaňyz, ynanýan adamyňyz bilen gürleşiň.

Uniwersitetiň çeşmelerini ulanyň.

Köp zat uniwersitetiňiziň çeşmelerine bagly. Talyplar üçin haýsy hyzmatlaryň bardygyny bilmek üçin okuw bölümiňiz bilen maslahatlaşyň. Stres dolandyryş seminarlary, sosial goldaw toparlary ýa-da talyplara maslahat hyzmatlary barmy? Ýok bolsa, bu meselelere bagyşlanan jemgyýetini döretmek meselesi barada gürrüňdeşlik geçirmäge maslahat beriň. Ýeke däldigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň we talyplaryň köpüsine  käbir üýtgeşmeler peýdaly bolar.

Çeşme: https://www.apadivisions.org/division-28/publications/newsletters/psychopharmacology/2018/11/student-representative