Talyp bolup sagdyn durmuşy nädip alyp barmaly?

13
thumbnail

Iýmit we fitnesden başlap, aragatnaşyklara we gözellige çenli saglyk gollanmasyny hödürleýäris.

 Laura McMullen

Öý rahatlygy we maşgalany nätanyşlardan doly uniwersitet şäherçesine göçmek durmuşyňyzdaky kyn meseleleriň biri bolup biler. Emma okuw wagtynda sagdyn durmuşy alyp barmak kyn däl. Hemme zat seniň eliňde.

Aragatnaşyk guruň. Uniwersitet şäherçesindäki goldaw topary bilen okamak has aňsat (we has gyzykly). Muny nädip etmeli:

  1. “Gelmezden ozal, boks meýdançasynda tälimçileriň “burçda” duruşy ýaly adamlary tapyň” – “Otagdaş we okuwda ýüzbe-ýüz bolup biljek 107 meseleleriňiz” bestselleriň awtory Harlan Kohen diýdi. Uniwersitetiň web sahypasyna göz aýlaň ýa-da uçurymlardan soraň we umyt edip boljak akademiki çeşme merkeziniň mugallymlaryny, kömekçilerini, mugallymlaryny, işgärlerini tapyň.
  2. “Halaýan zadyňyzy edeniňizde dost ediniň”- diýýär Kohen. Suratçylyk bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Çeperçilik synpyna ýazylyň. Şeýlelik bilen, umumy gyzyklanmalary bolan adamlar bilen duşuşarsyňyz.
  3. Otagdaşyňyz dostuňyz bolup biljek (ýa-da ýok) biri. Onuň bilen aragatnaşygyňyz durmuşyňyza täsir edip biler.

(Okamak üçin : Dostluk üçin näme etmeli/etmeli däl.)

  • Sagdyn iýmitlenmek.  Naharhanalarda gijeki pizza we soda bilen hem sagdyn iýip bilersiňiz. Siziň planyňyz:
  1. Naharhanaňyz bilen doňdurma üpjünçiliginiň köplügi üçin däl-de, eýsem salat gaplary, wegetarian tagamlary we täze miweleri hödürländigi sebäpli dostlaşyň. Tabagy reňkli, baý we ýokumly iýmitler bilen dolduryp, bu sagdyn saýlawdan peýdalanyň.
  2. “Alkogol saglygyňyza zyýanly” çagyryşyny gaýtalamagyň köp sebäpleri bar, bularyň biri 21 ýaşa ýetmediklere alkogol içmek gadagan. Şeýle hem,  içgini halaýan adamlar has köp kaloriýa sarp edýärler, şonuň üçin ýanynda sagdyn iýmitleri iýmeli. (Alkogolizmiň howp salýandygyny bilmek üçin “Alkogol endiklerine garşy Milli Institutyň” Alkogol endiklerine garşy Milli Instituty web sahypasyny okaň.)
  3. Talyplar köp suw içmeli. Käte näçe esse suw ýitirendigiňize üns bermän bilersiňiz,  mysal üçin gezelenje çykanyňyzda.  Sapaklara we gezelençlere gideniňizde ýanyňyz bilen suw alyň.

(Okamak üçin : Talyplar üçin iýmit boýunça maslahatlar)

  • Maşk etme. Aşakdaky peýdaly maşklary ýerine ýetiriň:
  1. Uniwersitete gideniňizde awtobus ulanmaň. Pyýada ýöremek pes intensiwlikli türgenleşikler üçin amatlydyr. Bonus: Uniwersitet şäherçesi barada has köp zat öwrenersiňiz.
  2. Sport klublaryna gidiň. Şeýlelik bilen işewürligi lezzet bilen birleşdirip, täze tanyşlar edip bilersiňiz. Ýakyn ýerde bolmasa, ony döretmek üçin bildiriş berip bilersiňiz, birden siziň ýaly adamlar tapylar.
  3. Howa rugsat bermeýän bolsa ýa-da işiňiz köp bolsa, sport dükanlarynda satyn alyp boljak ekspander we toplar bilen öýde maşklary başlaň.

(Okamak üçin: sagdyn galmak üçin 5 maslahat )

  • Stres gözegçiligi.
  1.  Pyýada ýöräniňizde meditasiýa ediň. Ünsüňizi aýaklaryňyza gönükdiriň: barmak, aýak ýere degýär, barmak ýokaryk görkezýär. Ünsüňiz sowulsa, ony aýagyňyza gaýtaryň. Bu ussatlyk sapak wagtynda, pikirleriňiz bölünende peýdaly bolar we ýene bir gezek ünsiňizi jemlemeli bolarsyňyz.
  2. Uniwersitet şäherçesiniň dynç alyş merkeziniň ýoga sapaklaryny hödürleýämi soraşdyryň. Şeýle hem, onlaýn ýoga çeşmelerini, DVD we kitaplaryny ulanyp bilersiňiz .
  3. Sport arkaly stresden dynmak islemeýän bolsaňyz, blogçy Keri Glassmanyň dem alyş maşkyny ulanyp görüň. Dem alyň we içiňizden sekize çenli sanaň. Iki ýürek urgusy üçin demiňizi saklaň we haýal dem alyň.

(Okamak üçin:  Başlangyçlar üçin meditasiýanyň 3 usuly)

  • Ukyňyza üns beriň. Uzak okuw bilen sapaklarda ünsi jemlemek kyn bolup biler. Az uky diňe bir beýniňize däl, eýsem keýpiňize we iýmitlenişiňize hem täsir edýär. Ukynyň düzgünlerini berjaý edip, her gije azyndan ýedi sagat uklamaga synanyşyň:
  1. Krowatyňyzy diňe ýatmak üçin ulanmaga synanyşyň. Okasaňyz, telewizora tomaşa etseňiz, Internetda wagtyňyzy geçireniňizde we käwagt düşekde nahar iýseňiz, islän wagtyňyz uklamagyňyz kyn bolar. Ýatak otagynyň kiçi bolsa, buny etmek  kyn bolup biler, ýöne bu sebäp bilen talyplar merkezlerinde, kitaphanada we kafe ýaly uniwersitet şäherçesiniň beýleki ýerlerinde wagtyňyzy geçirip bilersiňiz.
  2. Elektronikany ýatmazdan azyndan bir sagat öň öçüriň. Şeýlelik bilen, has çalt we aňsat uklap galarsyňyz.
  3. Köp adamlar diňe çyralar öçürilende uklap galýarlar, ýöne otagdaşyňyz bilen bu mydama mümkin bolup bilmeýär. Göz maskalary we nauşnikler size bu meselede kömek eder.

(Okamak üçin:Ukyňyzda mesele bar bolsa onuň sebäbini öwreniň!)

  • Daş keşbiňize serediň. Býujetiňiz çäkli bolsa, esasy gözellik önümleri gymmat bolup biler. Öýde ýasalan bu arzan garyndylary synap görüň:
  1. Dilimlenen hyýar bilen gözüň aşagyndaky çişlerden dynyň. Dilimleri holodilnikde saklaň we irden gözüňize goýuň. Hyýarlaryň salkyn temperaturasy, çişmegi azaltmaga kömek edýär.
  2. Ýatmazdan  ozal makiýajyňyzy aýyrmasaňyz, allergiýa we gözleriň gyzarmagyna sebäp bolup biler. Munuň öňüni almak üçin, ýyly suwda dörtden bir çaý çemçesi çagalar üçin ulanylýan ýuwyjy  bilen gözüňizden makiýjy aýyryň.
  3. Gündeki ýuwujy deriňize zyýan edýän bolsa, granulaly skrab ýasamak üçin inçe ýer badamyny bir çaý çemçesi bal we süle uny bilen garyşdyryp görüň. Deriňiz ýagly bolsa, birnäçe damja limon suwuny goşuň.

Çeşme: https://health.usnews.com/health-news/health-wellness/articles/2013/08/14/how-to-be-healthy-in-college