2020 Mýunhende Bütindünýä ýaşlar forumy One Young World Summit

Möhleti
29.04.2020
Arza göýbermek

Resminamalaryň tabşyrylyş möhleti: 2020-nji ýylyň 29-njy apreli.

Aziýadan ýaş lidermi? Öňdebaryjy stipendiýa bilen, 14-17-nji oktýabr aralygynda Mýunhende geçiriljek 2020-nji ýyldaky Bütindünýä ýaşlar forumyna gatnaşyp bilersiňiz.

Aşakdaky soraglara “hawa” jogap berip bilýän bolsaňyz, öňdebaryjy Leading Asia maliýeleşdirmäni gazanmaga mümkinçiligiňiz bar:

• 18 ýaşdan ýokarymy?

• Oňyn üýtgeşmelere subut edilen ygrarlylygyňyz barmy?

• Liderçylyk ukyplaryny görkezip bilersiňizmi?

• Işiňizdäki esasy ýerli we global meseleleri çözüp bilýäňizmi?

• Netijeli we innowasiýa ideýalaryň döredijilik tejribäňiz barmy?

Leading Asia öňdebaryjy maliýeleşdirmesi:

• Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçiriljek 2020-nji ýyldaky Bütindünýä ýaşlar forumyna giriş.

• 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan 17-nji oktýabry aralygynda paýlaşmak esasynda myhmanhanada ýerleşmek.

• Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk nahary.

• Ýerleşen ýeriňden Sammitiň geçiriljek ýerine çenli transport.

• Gollanma we kömekçi materiallar.

• Mýunhene we ondan syýahatyň tölegi. Mýunhene we ondan uçuşyňyz şol bir halkara howa menziline gaýdyp barmaly.

Iň soňunda stipendiýany gazanan bolsaňyz, 2020-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä ýaşlar forumyna gatnaşmak üçin Şengen sebitine girmäge wiza gerek bolsa, wiza tölegini özüňiz tölemelidigiňizi ýadyňyzdan çykarmaň! Şengen wizanyň bahasy 90 dollar hem-de ýerli wiza merkezinde hyzmat tölegleri. Wizanyň bahasy we degişli hyzmat tölegi, şeýle hem wiza almak bilen baglanyşykly beýleki çykdajylary siz garşylamaly bolarsyňyz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.oneyoungworld.com/leading-asia-scholarship-2020

Arzany onlaýn tabşyryň: https://www.oneyoungworld.com/form/leading-asia.