Zoom/Skype-da onlaýn sapaklar. Okuwy başarmak we deňagramlylygy tapmak üçin alty maslahat.

28
thumbnail

Häzirki wagtda sapaklaryň köpüsi onlaýn platformalarda geçirilýär. Emma, onlaýn bolanymyzda sapakda ünsli gürleşmegiň ýa-da üns bilen diňlemegiň ýerine, başga bir zat bilen ünsümizi çekýäris.

Zoom/Skype bilen okuwy başarmak we deňagramlylygy tapmak üçin size alty maslahat hödürleýäris.

• “Başlamak” düwmesine basmazdan ozal birnäçe minut ünsüňizi jemläň. Birnäçe dem alyň, rahat oturyň we häzirki zamana çümmäge özüňize rugsat beriň.

Söhbetdeşlikde hemmä salam beriň, topar gaty uly bolmasa hemmä  üns beriň.

“Speaker View” görnüşini saýlaň. Zoom-da, “Speaker View” we “Gallery View” saýlap bolýa, ýöne “Speaker View” has gowy. Sebäbi esasy üns gürleýjä berilýär, beýlekiler ikinji derejede. Bu tanyş adamlar bilen gepleşige meňzeýär, ýöne ünsümizi ilki bilen gürleýän adama berýäris. 24-den gowrak ulanyjylar wideo jaňa goşulsa, aragatnaşyk doňup biler.

• Birbada birnäçe zady etmejek boluň. Mysal üçin, onlaýn sapaklarda e-mail-da hatlary okamaň / jogap bermäň. Diňe sapakda bolup geçýän zatlara ünsi jemlemeli bolanyňyz üçin däl-de, başga zatlar etmek üçin güýç ulanmaly däldigiňiz üçin. Ünsüňiz öňüňizdäki bilen baglanyşykly bolsun.

Sapaklaryň arasynda arakesme ediň. Saglygyňyza üns beriň we güýjiňizi toplaň.

• Iň soňunda bolsa, nämälim geljege tarap öwrenişmeli boljak täze tejribe diýip hasap ediň. FaceTime, Zoom, Skype we beýleki sosial ulgamlar bolmaýan durmuşyňyzy göz öňüne getiriň. Olaryň peýdaly taraplaryny ýatdan çykarman okamadygyňyzdan okanyňyz gowydyr. Geliň, bu tehnologiýa bilen peýdalanalyň we şahsyýet tejribelerden ybarat  täze durmuşymyzy doly toplumyna siňdirmegiň usulyny öwreneliň.