Göçmeklik we okuw ýerini üýtgetmek: durmuşyň şeýle döwründe ýetginjege nädip kömek etmeli.

149
thumbnail

Raychelle Cassada Lohmann Ph.D.

Köp adamlar göçüp barýarka käbir kynçylyklara duş gelýärler. Adam bir ýere öwrenişende rahatlygyny we howpsuzlygyny gurýar we bulardan daşlaşmak näbellilige sebäp bolýar. Bu alada, gorky, stres we şol şeýle-de tolgunmak ýaly negatiw duýgulary döredip biler. Göçmeklik hemişe esasy durmuş stresleriniň sanawynda durýar.

Aşakda ene-atalara çagalarynyň durmuşynyň bu döwrüni has aňsatlaşdyrmak üçin birnäçe maslahatlar berilýär.

  1. Özüňizi günäkär hasaplamagy bes ediň. Käbir ýagdaýlarda ýetginjekler garşy bolany üçin ene-atalaryny göçmekde günäkärleýärler. Muňa boýun egmegiň manysy ýok, sebäbi göçmekligiň belli bir sebäbiniň bardygyny olara düşündirmek kyn bolup biler. Çagalaryňyza şeýle bir güýje eýe bolmaga ýol bermäň, tersine, täze göçüp baran ýeriňize uýgunlaşmaga kömek ediň. Eger bu ädim çaganyň göwnünden turan bolsa, diýmek biderek alada edýärsiňiz.
  2. Üýtgeşmäni tejribe hökmünde kabul ediň. Wakalar we ýagdaýlar elmydama siziň gözegçiligiňizde bolup bilmez we çagalaryňyzy yzygiderli gorap bilmersiňiz. Olar kynçylyklary ýeňmegi öwrenmeli. Siz bolsa diňe goldaw berip, ýanlarynda bolmaly.
  3. Ýetginjegiňiz bilen gatnaşyk guruň. Iň amatly wagt, özüni gowşak duýýan we belli bir ýagdaýda näme etmelidigini bilmeýän wagtydyr. Umytsyzlykdan gaharlanyp bilerler, ýöne gahar hakykatdanam duýýan zatlaryny gizlemek üçin gorag reaksiýasy bolup biler. Ony kyn günlerde goýmaň we olaryň ýeke däldigini aç-açan aýdyň.
  4. Dogruçyl boluň. Başga ýere göçmegiň siziň üçin hem aňsat däldigini bildiriň. Duýgularyňyz bilen paýlaşyň. Dogruçyllyk bu kyn döwrüň dowamynda olara diňe açylmaga kömek eder.
  5. Bilelikde has köp wagt geçiriň. Daş-töwerekde ýa-da söwda merkezinde gezelenç ediň, täze restorany synap görüň, film görüň. Özüňizi göçen ýeriňizde gulplamaga ýol bermäň. Şeýlelik bilen, daşky gurşawa öwrenişmäge çagaňyza kömek edersiňiz. Täze mekdebe ýazylyň, sebit bilen tanyşmak üçin gezelenç ýa-da gatnaşyp boljak ýakyn wagtda boljak wakalar gözläň!

Indi ýetginjekler üçin maslahatlar.

  1. Bu tejribeden peýdalanyň. Her gezek durmuş başga bir “geň galdyryjy wakany” ýüze çykaranda, diňe oňyn taraplaryna üns beriň. Üýtgetmeler kyn bolup biler we bütin ömrüňize şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz we bu meseläniň çözgüdini tapmak size bagly bolýar. Şonuň üçin stakana iki hili seredip bilersiňiz: ýarym boş ýa-da ýarym doly. Bir tarapdan, siz bagtsyz, beýleki tarapdan bolsa täze tejribelere açyk bolarsyňyz. Üýtgeşmeler bilen göreşmek size ýa-da başga birine peýdasy degmez, tersine, maşgalada köp şikesleri we gapma-garşylyklary döreder.
  2. Täze başlangyç üçin wagt geldi. Öňki mekdebiň ýatlamalary negatiw bolsa, indi hemme zady dogry tarapa üýtgedip bilersiňiz. Öý işini ýerine ýetirmek üçin wagt sarp ediň ýa-da hiç wagt mümkin bolmadyk klubyňyza (gurnagyňyza) goşulyň. Bu ädimden peýdalanyň we durmuşyňyzda käbir oňyn üýtgeşmeler giriziň.
  3. Maşgalaňyz bilen gatnaşyk guruň. Ene-ataňyzyň sizi bagtsyz etmek üçin däl-de, has gowy durmuşda ýaşamagyňyz üçin bu karara gelýändigine göz ýetiriň. Bir gaýgyňyz bar bolsa, olar bilen paýlaşyň, bu wagtdan peýdalanyň we size kömek bermek isleseler çekinmäň.
  4. Täze bir zady synap görüň. Dükanda bir eşigi halaman, ýöne deňäp göreniňizde gaty gowy görünen wagt boldymy sizde? Edil şol halamaýan zadyňyz synanyşyp görenden soňra halaýan işiňize öwrülip biler.
  5. Köne dostlaryňyz bilen aragatnaşykda galyň, ýöne täze dostlar hem ediniň. Ene-ataňyzdan dostlaryňyza baryp görmegini ýa-da Skype-da aragatnaşyk ibermegini haýyş ediň. Göçmegiňiz olar bilen aragatnaşygy kesmelidigini aňlatmaýar. Emma şol bir wagtyň özünde has täze dostlar we tanyşlar tapyň. Her bir ýagdaýdan has köp siz peýdalanyp bilersiňiz.

Çeşme: https://www.psychologytoday.com/us/blog/teen-angst/201008/so-youre-the-new-kid-the-block-how-address-the-pressure-and-adjustment-moving