GDA-nyň ýaş halkara ýaryşlary

Möhleti
11.05.2020
Arza göýbermek

A.A. Gromyko adyndaky Halkara Ýaşlaryň bäsleşigi 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk Urşunyň 75 ýyllygyna we BMG-nyň döredilmegine gabat gelýär we tertipnamasyna A.A. Gromykonyň goly çekilen.
Kim gatnaşyp biler?

GDA döwletleriniň raýatlary bolan 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 1-inde 35 ýaşdan uly bolmadyk, dürli ugurlar boýunça talyplar, uçurymlar, aspirantlar, ýaş alymlar we diplomatlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bir ýa-da birnäçe ýazyjylar tarapyndan ýazylan (30 müň alamatlardan köp däl) we öwrenmäge bagyşlanan aşakdaky temalardan ybarat asyl çap edilmedik makalalar (analitik bellikler, ylmy hasabatlar) kabul edilýärler:

• Post-Sowet giňişliginde häzirki zaman halkara gatnaşyklary, şeýle-de hem integrasiýa taslamalarynyň – Belarussiýanyň we Russiýanyň Bileleşigi döwleti, AÝYB, GDA, BHŞG
• Halkara gatnaşyklarynyň taryhynda bolan Beýik Watançylyk urşy
• A.A.Gromykonyň diplomatik mirasy we ýörelgeleri
• BMG-nyň roly, geçmişi we geljegi halkara gatnaşyklar ulgamynda, döwletara birleşmeleriň tejribesi we integrasiýa
• Beýik Watançylyk urşunyň taryhy hatyrasyny goramak, taryhyň ýoýulmagyň meselesi.

Baýraklar

Finala geçenleriň eserleri ylmy makalalar ýygyndysynda çap ediler, ýeňijileriň bolsa Ýokary Attestasiýa Komissiýasynyň we Skopusyň (hem-de Häzirki Zaman Ýewropa we MGIMO žurnallary bilen) sanawyna girizilen öňdebaryjy ylmy žurnallarda çap ediler.
Finala geçenler eserlerini hödürlemek, täsin ussatlyk sapaklaryna we baý medeni programma gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynda Moskwada geçiriljek Finalçylar forumyna gatnaşmaga grant alarlar.
Esasy nominasiýadaky ýeňijiler gymmatly baýraklary – noutbuk, planşet ýa-da smartfon alarlar. Ilkinji nominasiýada – akylly sagat, fitnes bilezigi ýa-da daşky gaty disk ýaly baýraklary gazanmaga mümkinçilikleri bar. Şeýle hem ýörite baýraklar berilýär.
Bäsleşde finala geçenler ýaryşa gatnaşyp bilerler:
Öňdebaryjy uniwersitetlerde dowamly bilim almak üçin grantlar (ylmy işgärler we mugallymlar üçin)
Ylmy gözleg taslamalary üçin talyp haklary.
Asewraziýa ykdysady komissiýasynda hünär tejribesi

Bu bäsleşige arzaňyzy 11-nji maýa çenli tabşyryp bilersiňiz: https://konkurs-gromyko.org/?fbclid=IwAR1zpfiEg6L8H0Kh3Ab0kv8L0HfDQDAoEKdz3pYy69a0EnhpUweM681iRRE#rec166871679
Has giňişleýin maglumat üçin: https://konkurs-gromyko.org/?fbclid=IwAR1zpfiEg6L8H0Kh3Ab0kv8L0HfDQDAoEKdz3pYy69a0EnhpUweM681iRRE#rec166829469