Onlaýn kurs: Power BI ulanyp maglumat derňewi we wizuallaşdyrma

19
thumbnail

ABŞ-nyň Davidson College tarapyndan hödürlenýän bu dört hepdelik okuw, Power BI-de maglumatlar bilen işlemäge başlangyç gollanma bolup, hünärmenler üçin amatlydyr. Maglumatlar bilen işlemekde, maglumatlary wizuallaşdyrmakda, hasabatlary we dolandyryş panellerini taýýarlamakda has ynamly bolarsyňyz.

Kursyň sahypasy: https://www.edx.org/course/data-analysis-in-power-bi

Bu kursa nädip ýazylmaly:

  • https://www.edx.org/web sahypasyna geçiň.
  • Hasaba almak üçin edX hasaby dörediň
  • Başlamak üçin “Register now” saýlaň.

Maslahat: Käbir kurslar goşmaça töleg üçin şahadatnama hödürleýärler. Şahadatnama almak we tölemek islemeýän bolsaňyz, “Kurs barlagy” formatyny saýlaň we mugt sapak alyň.