Irden aňsatlyk bilen oýanmak üçin gijesine nädip uka taýýarlanmaly?

29
thumbnail

Renzo Costarella

Ir turmagy kyn görýän adamlardan biri bolsaňyz, siz ýeke dälsiňiz.

Güýçden doly ir turmagyň açary, gijelerine uklamaga taýynlykdyr. Duýduryş sazlamak we ş.m. aňladanok, ýöne bu gaty ýönekeý usullar we olaryň nähili işleýändigine haýran galarsyňyz. Aşakda säher bilen irden turmana kömek edip biljek ýedi sany ýönekeý usullar berilen.

Ýatmazdan ozal bir stakan suw içiň.

Ýeterlik suw içmek, ünsli we hüşgär bolmak üçin iň oňat usullaryň biridir. Uky köp wagt alýandygy sebäpli, ýatmazdan ozal uly stakan suw içmek möhümdir.

Tüm garaňkylykda uklaň.

Melatonin, düwüm şekilli beziniň öndürýän gormonydyr. Bu gormon bedeniňize uklamagyň wagtyny we haçan oýanmalydygyny bilmäge kömek edýär. Tüm garaňkylykda ýatanyňyzda, bedeniňiz bu gormonyň köpüsini öndürer. Garaňkylyk has köp melatonini, has köp melatonin bolsa ukyny aňladýar.

Ertirlik naharyňyzy öňünden meýilleşdiriň.

Adamlar ertirlik günüň iň möhüm naharydygyny aýtmagy halaýarlar. Bu möhümdir, sebäbi sagdyn ertirlik hakykatdanam günüň galan bölegini sazlap biler. Çykmazdan ozal çalt iýmek, güýjüňizi sarp edip biler.

Ýatmazdan ozal, ertesi gün ertirlik naharyny meýilleşdirmeli. Mysal üçin, bir tabaga miweleri, hozlary, süle we grek gatyklaryny goýmak bilen iň gowusydyr. Iň bolmanda iýjek zadyňyzy meýilleşdiriň.

Telefony öçüriň.

Ýatmazdan azyndan bir sagat öň ekrana seretmegi bes etmeli. Diňe telefonlar ünsüni sowmak bilen çäklenmän, ekrandan çykýan gök yşyk uky bilen päsgelçilik döredýär.

Kitaby okaň.

Telefonyňyzdan okamagyň ýerine kitap okamaga synanyşyň. Sizi ukudan sowup bilmejek kitaby okamagy saýlaň. Garaňky ýagtylykda ýa-da çyra bilen okaň.

Jaň sagadyň otagdaky ýerini üýtgediň.

Irden, näçe sagat ýatsaňyzam, jaň sagadyna oýanmak aýratyn kyn. Gaýtalama düwmesini basmak gutulmaly endikleriň biridir. Usullaryň biri – duýduryşy sizden daşlaşdyrmakdyr. Bu erbet taktika (siziň üçin) ýöne ajaýyp işleýär.

Iň gyzykly işiňizi irdene meýilleşdiriň.

Edýän işlerimizden ylham alanymyzda irden turmagyň nähili aňsatdygy geň dälmi? Ertir üçin iň gowy görýän işiňizi meýilleşdirmek size bu meselede kömek eder. Size ylham berip biljek hemme zat bolup biler, mysal üçun, maşk etmek.

Köp adama ir turmak kyn. Emma, meýilleşdirýän bolsaňyz, bu has aňsat bolup biler. Şeýle-de bolsa, günüňizde üstünlik gazanmak üçin ýokarda sanalan maslahatlary ulanyň!

Çeşme: https://www.calendar.com/blog/how-to-get-up-early-by-preparing-the-night-before/