10 minudyň içinde öňde durýan işleri nädip tertiplemeli we 10 esse çalt işlemeli?

19
thumbnail

Leon Ho. Lifehack – yň esaslandyryjysy we baş direktory.

Scales  usuly boýunça ädimme-ädim gollanma, işleri we meseleleri has çalt we has netijeli çözmäge kömek edip biljek öndürijiligi gowulandyrmak usulydyr.   

Scales  usuly beýleki usullardan tapawutlanýar.

Bu usuly ulanyp, işiňizi dogry ileri tutup başlarsyňyz we iň esasy – öndürijiligiňizi 10 esse ösdürersiňiz!

Bu usul, her bir meseläňizi iki bölege bölmäge kömek eder: çykdajylar we peýdalar. Şeýle hem, çykdajylaryň we peýdalaryň dürli kombinasiýalaryna esaslanýan goşmaça çäreleri görmäge kömek eder.  

Gündelik işleriňizi we maksatlaryňyza laýyklygyny bahalandyrmak üçin 10 minut wagt aýyryň. Bu maglumatlary alanyňyzdan soň meýilnamalaryňyzy ileri tutulýan sanawda ýazmak aňsat bolar. Diňe täze sanawdan güniňizi başlamak galýar.

1. Meýilleşdirmek üçin 10 minut wagt aýyryň

Meseleleriň çözmegi barada aýdylanda, haýsydyr bir çäräni başlamazdan ozal meýilleşdirmek iň gowusydyr.

Meýilnamalaşdyrmak üçin özüňize wagt aýyrmak maslahat berilýär. 10 ýa-da 15 minut sarp etmek ýeterlik bolar.

Bu wagty ulanyň:

• Işleriňize umumy tarapyndan serediň.

• Ýetmek isleýän maksadyňyz hakda pikir ediň.

• Etmeli ähli meseleleriňizi ýazyň.

2. Işleriňizi maksadyňyz bilen deňleşdiriň.

Bu usuly täsirli edýän esasy komponent.

Edýän ähli işleriňize serediň we olaryň hersiniň çykdaýjysyna we peýdasyna baha beriň.

Çykdaýjy – bir işi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan güýji aňladýar (wagt, pul we beýleki çeşmeler).

Bu prosesi ýönekeýleşdirmek üçin aşakda her bir meseläniň ileri tutulýan ugurlaryny çalt we aňsat kesgitlemäge mümkinçilik berýän dört kombinasiýa görkezilýär:

Pes çykdajylar + ýokary peýdalar

Bu meseleleri ilki bilen ýerine ýetiriň, sebäbi olar ýönekeý hem-de maksadyňyza has ýakynlaşmaga kömek eder.

Mysal üçin, saýlama ýa-da bir zada jogap görnüşinde aňsat meseleler, ýöne soňra möhüm kararlara alyp barýan.

Ýokary çykdajylar + ýokary peýdalar

Işi birnäçe bölege bölüň. Soň bolsa bu bölümlere täzeden baha beriň we wajyp edilmeli işleri öňde goýuň.

Täze önüm üçin satuw meýilnamasynyň ýazylmagyny talap edilýändigi göz öňüňize getiriň. Bir wagtyň özünde meýilnama ýazmaga synanyşmagyň ýerine dürli wagtlarda dürli bölümleri ýazmaga synanyşyň (mysal üçin, giriş ýazmak üçin 30 minut, esasy tekst ýazmak üçin bir sagat we netijäni ýazmak üçin 30 minut sarp ediň).

Pes çykdajylar + pes peýdalar

Bu kombinasiýa iň az ähmiýetli bolmaly. Bu meseläni çözmek üçin özüňize 10-15 minut beriň, ýa-da möhüm meseleleriň arakesmesiniň arasynda şuňa meňzeş işleri ýerine ýetiriň.

Belki, bu zerur zatlardyr (mysal üçin, e-poçta barlamak ýaly adaty meseleler). Olara ähmiýet bermäň.

Ýokary çykdajylar + pes peýdalar

Bu meseleleriň hakykatdanam ýerine ýetirilmelidigini barlaň. Tamamlamak zerur bolsa, çykdajylary nädip azaltmalydygyny göz öňünde tutuň.

Mysal üçin, bu meselede haýsy bir elektron enjam size kömek edip biler? Şeýle-de hem käbir meseleleri çalt we amatly ýerine ýetirip bilýän köp sanly programma bar.

Indi meseleleriň ähmiýetine baha bermegiň nähili aňsatdygyny we olary ileri tutulýan sanawlarda nädip tertipleşdirip boljakdygyny görüp bilersiňiz diýip umyt edýäris.

Çeşme: https://www.lifehack.org/684057/how-to-prioritize-right-in-10-minutes-and-work-10x-faster