FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi (REU) – Gyzyklanma bildirmäge çagyryş – REU stajirowka programmasy REU

Möhleti
Arza göýbermek

Guramaçylyk bölümi: FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi (REU), REU sebit bölümi, Ýurt bölümi we Aragatnaşyk bölümi.

Görnüşi: stajirowka/ tejribelik – tölegli

Iş meşgullygy: Doly iş güni

Iş tejribesi: tejribe bilen

Ýeri: dürli ýerli bölümler

Onlaýn / öýde

Arzanyň tabşyryş möhleti: 2020-nji ýylyň 31-nji iýuly

Guramaçylyk gurşawy

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy açlyga garşy göreşmek we agza ýurtlarda oba hojalygy, balykçylyk we tokaý hojalygyndaky ösüşi goldamak boýunça halkara güýjine ýolbaşçylyk edýär. FAO-nyň wezipesi iýmitlenmegi, oba hojalygynyň öndürijiligini özgertmek, oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşmak meselelerinden ybarat.

Stajirowka maksatnamasy täze innowasiýa pikirleri we FAO-nyň soňky gözlegleri bilen paýlaşmak isleýän zehinli ýaşlary özüne çekmek maksady bilen okuw üçin mümkinçilikdir. Bu maksatnama bakalawr, magistratura ýa-da aspirantura ýazylan talyplara ýa-da soňky uçurymlara akademiki bilimlerini FAO-nyň işi bilen baglanyşykly ugurda amaly tabşyryklar bilen doldurmaga mümkinçilik berýär. Bu olara FAO-nyň maksatlaryny we programmalaryny has gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de hem, FAO-nyň strategiki maksatlary  we BMG-nyň durnukly osüş ugrundaky maksatlary bilen baglanyşykly ugurlarda ýöriteleşen ökde hünärmenlere kömek berýär.

Wezipeler we jogapkärçilikler:

Stajor başlamazdan ozal işe alýan edarasy tarapyndan taýýarlanan we stajoryň özi bilen ylalaşylan şertlerde görkezilen wezipeleri ýerine ýetirer.

Dalaşgärlere aşakdaky kriteriýalar boýunça baha beriler:

  • Bakalawr we magistr programmalar derejesi boýunça arza berlen wagtynda bilim edarasynda (ýagny, IAU / UNESCO maglumatlar bazasynda görkezilen) okaýan bolmaly ýa-da okuwlaryny ýaňy tamamlan.
  • Dalaşgärler FAO-nyň işine we wezipesine degişli ugurda ýöriteleşdirilmeli.
  • Azyndan bir FAO dilini bilmeli (arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus ýa-da ispan). FAO-nyň ikinji dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanar. Onlaýn programmalarda görkezilen dil biliş derejesiniň subutnamasy hökmünde diňe BMG tarapyndan akkreditlenen daşarky üpjün edijilerden ýa-da FAO resmi dil synaglaryndan (LPE, ILE we LRT) dil biliş şahadatnamalary kabul ediler.
  • FAO agza ýurtaryň raýaty bolmaly.
  • Dalaşgärler 21-30 ýaş aralygynda bolmaly.
  • Dalaşgärler halkara köp medeniýetli gurşawa uýgunlaşyp, gowy aragatnaşyk endiklere eýe bolmaly.
  • FAO-da haýsydyr bir şertnama boýunça işleýän maşgala agzalary (dogany, ejesi ýa-da kakasy) bilen işleýän dalaşgärler stajirowka programmasyna gatnaşyp bilmezler.
  • Dalaşgärler tejribe başlamazdan ozal teklip edilýän ýerde ýaşamak üçin degişli rugsady ýa-da immigrasiýa ýagdaýy bolmaly.

Saýlaw kriteriýalary

Dalaşgärler FAO-nyň wezipesi we işi bilen baglanyşykly ugurda hödürlenip bilner.

Dalaşgärler üçin maglumat:

• Zenan dalaşgärler we wekilçilik edilmedik we wekilçilikli agza ýurtlaryň hünärli raýatlary, şeýle hem günortanyň dürli künjeklerinden we ýerli halklardan dalaşgärlere ýüz tutmak maslahat berýärler.

• Dalaşgärlere höweslendiriş hatyny, ykrar edilen uniwersitetde okuw şahadatnamasyny ýa-da akademiki kärleriniň we dil şahadatnamalarynyň göçürmelerini goşmak maslahat berilýär.

• Hemme arzalar gözden geçiriler we işe almak bölümi bilen söhbetdeşlik üçin diňe ökde dalaşgärler bilen göni habarlaşylar.

FAO uniwersitetler ýa-da beýleki guramalar tarapyndan maliýeleşdirilmese, stajorlara aýlyk stipendiýa töleýär.

Arzany nädip tabşyrmaly?

Giriş üçin FAO-ny işe alýan sahypa giriň we onlaýn profiliňizi dolduryň. Doly däl arzalar göz öňde tutulmaz. Diňe işe alyş portalynyň üsti bilen alnan arzalar barlanylar. Kömek gerek bolsa ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, Careers@fao.org bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Çeşme: https://jobs.fao.org/careersection/fao_external/jobdetail.ftl