Innowasiýa pudakda stajirowka. Globsec.

Möhleti
Arza göýbermek

Işiň görnüşi: stajirowka / tejribelik

Hünär: maglumat derňewi / maglumat ylymlary / gözleg instituty / analitiki merkezi

Iş wagty: doly iş güni

Iş tejribesi: tejribeli

Onlaýn / öýde

Arzanyň tabşyryş möhleti: işe almak dowam edýär

Işiň beýany

Innowasiýa pudagyndaky tejribe üçin saýlanan gözlegçiler, innowasiýa we durnuklylygyň makro-ykdysady taraplaryna gönükdirilen giňişleýin mukdar görkezijisini öwrenerler we düzerler.

Saýlanan dalaşgärleriň, innowasiýa we durnuklylygyň dürli konseptual taraplaryna, degişli proksi we maglumat çeşmelerine aýratyn baha bermegine garaşylýar. Soňra görkezijini – maglumat çeşmesini ornaşdyrarlar we doly awtomatlaşdyrmak, resminamalaşdyrmak we täzelemek üçin görkezijiniň infrastrukturasyny (belki Excel-de, VBA, TBC ulanylyşy bilen) programmalaşdyrarlar.

Dalaşgärlerde makro-ykdysadyýet we ykdysady gözleg usullary boýunça bilimi bolmaly, dürli maglumatlary gaýtadan işlemek we seljermek boýunça subut edilen tejribe, standart statistiki paketlerde standart statistika usullary we programmirleme endikleri bilen deslapky tejribe toplamaly. Öňünden iberilen bellikler artykmaçlygyňyz bolup biler.

Talaplar:

  • Esasy: amaly ykdysadyýet, ekonometrika, informatika / programmirleme ýa-da şuňa meňzeş beýleki ugurlar
  • Öňdebaryjy gözleg endikleri (ileri tutulýan PhD derejesi)
  • Iňlis dilini bilmek we resminamalaşdyrmak ukyplary
  • Sanlar bilen işleýişiň ýokary tejribesi
  • Maglumatlary gaýtadan işlemek ukyplary
  • Gowy seljeriş ukyplary
  • Maglumatlary gaýtadan işleýän programma üpjünçiligini ulanmak tejribesi
  • MS Excel we VBA-ny has giňişleýin ulanmak
  • Ygtybarlylyk we ynamdarlyk
  • Gysga wagtyň içinde netijelere ýetmek
  • Ajaýyp aragatnaşyk endikleri

Format

  • Uzakdan işlemek
  • Tomusky stajirowka (iýun-awgust)
  • Tölegsiz

Peýdalary

  • Halkara ähmiýetli bütindünýä hökümete degişli bolmadyk gurama bilen hyzmatdaşlyk
  • Stajirowka görnükli netijelere ýeter
  • Siziň işiňiz ýokary derejeli döwlet-hususy syýasy gepleşikler üçin esas bolup hyzmat eder
  • Geljekdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi

Aýratynlyklaryňyz ähli talaplara laýyk gelýän bolsa we bu wezipe käriňizdäki islegleriňize laýyk gelýär diýip pikir edýän bolsaňyz CV-ni bize iberiň: hr@globsec.org.

Iş berijiniň sahypasy: Globsec

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.globsec.org/careers/innovation-internship-remote/?fbclid=IwAR1NevdnaSPelnVmO4jcj418vzbhU9jVI9mFGEnI-o6q2PagYFv55hfPnho