Ýaponiýada okuwlaryny dowam etmek isleýän daşary ýurtly talyplar üçin talyp haky.

Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Güýz semestriniň arzalarynyň tabşyryş möhleti: 1-nji aprelden 31-nji maý aralygynda (2020).

Ýaz semestriniň arzalarynyň tabşyryş möhleti: sentýabr – oktýabr aralygy.

Bu stipendiýa Ýaponiýada magistraturada ýa-da aspiranturada okaýan ýa-da okamagy meýilleşdirýän daşary ýurtly talyplar üçin açykdyr. Ýaponiýanyň uniwersitetine kabul edilen ýagdaýda, arzalary daşary ýurtlardan iberip bolar. Ähli milletiň we dürli ylmy-barlag pudaklaryň talyplary üçin açyk. Dalaşgärler uniwersitetiň deslapky rugsady bolmazdan göni gazna ýüz tutup bilerler.

Arzany nädip tabşyrmaly?

1. Arza bermäge kriteriýalara laýyk gelýändigiňizi barlaň.

2. https://entry.hisf.or.jp/“Onläýn azralaryň ulgamy”sahypasyna giriň. Anketany dolduryň we zerur resminamalary ýükläň.

3. Resminamalar iberilenden soň anketanyň belgisi berler we anketaňyzyň PDF-i dörediler. Netije web sahypamyzda yglan edilende size gerek boljak PDF faýly saklaň.

Gerekli resminamalar:

– çakylyk haty ýaly kabul edilendigini tassyklaýan resminamalar;

– akademiki bahalaryň tabeli (ýapon ýa-da iňlis dilinde; başga dilde bolsa, terjimesini goýbermegiňizi haýyş edýäris);

– ylmy-barlag üçin teklip;

– ýolbaşçyňyzdan maslahat haty.

Resminamalar hakda has giňişleýin maglumat üçin: https://www.hisf.or.jp/wp/wp-content/uploads/2020/04/foreigner-bosyuyoukou_en_2020F_0414.pdf

Resmi bildiriş: https://www.hisf.or.jp/en/scholarship/foreigner/