Iş gözlemek üçin sosial ulgamlary nädip ulanmaly?

26
thumbnail

Ilki bilen sosial ulgamlar bütin dünýäde biri-biri bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanylýardy we ulanyjylaryň köpüsi talyplardy. Häzirki wagtda sosial ulgamlar jemgyýetde möhüm orun tutýar we ulanyjylaryň sany köpelýär.

Sosial ulgamlary nädip peýdaly ulanmaly?

Içerki işleýşini we strategiki usullaryny bilip dogry sosial ulgamlaryny  peýdalanyp bilýän ulanyjylar, iş gözleginde ýa-da hünär saýlawynda ýokary netijeleri gazanyp bilerler.

Sosial ulgamlary ulanmak üçin aşakdaky maslahatlary ulansyňyz, arzuw edýän işini çalt we aňsatlyk bilen tapyp, käriňiziň ösüşine ýetip bilersiňiz.

Aragatnaşykda bolmak möhümdir.

Sosial ulgamlaryň arasynda Facebook beýleki sosial ulgamlar bilen deňeşdirilende öňde barýar. Bu giňden ulanylýan ulgam diýip hasaplanylýar. Dostlaryňyzyň biri işewür hyzmatdaş gözleýändigi mümkinçilik bolup biler. Siz bolsa başarnygyňyzy ulanmak üçin belli bir garaşsyzlygyň ugrunda bolup bilersiňiz. Bu ýagdaýda aragatnaşyk geljekki iş üçin bu talaplary birleşdirmekde möhüm bolup biler.

Dürli onlaýn jemgyýetlerde özüňiz hakda maglumatlary täzeläň.

Google-da öz adyňyzy gözläniňizde internetdäki profiliňiziň iň soňky täzelenmesini analiz edip bilersiňiz. Sosial ulgamlardaky maglumatlara esaslanyp, potensial iş berijiler siziň bilen habarlaşyp bilerler. Ýagny eger-de sanly sahypalaryna özüňi tanyşdyrmak maksady bilen enjamyňyza profil maglumatlaryňyzy täzelemek gerek bolandygyny hem düşünip bilersiňiz.

Sosial ulgamlardaky ýazgylaryňyzy diňe uly wakalar bilen däl, eýsem durmuşyňyzyň beýleki ähmiýetli pursatlary bilenem täzeläp başlaň. Bularyň hemmesi hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan keşbiňizi we döredijiligiňizi birleşdirýär.

Mümkin bolýan iş berijileri gözläň.

Iş tapmak üçin sosial ulgamlary ulanmak barada aýdylanda, iş gözleýänler we iş berijiler üçin hasaplaryň möhümdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Iş berijiler dürli hasaplary gözleýärler we seredýärler, iş gözleýänler hem edil şonuň ýaly etmeli.

Hünärmenleriň pikiri boýunça, ilkinji ädim sizi gyzyklandyrýan birnäçe kompaniýanyň sanawyny düzmekdir. Soňra kompaniýa we ideologiýalary barada düşünje almak üçin olary dürli platformalarda yzarlap başlaň. Bu kompaniýanyň gymmatlyklary, öndürijiligi we halaýan işgärleri barada maglumat ýygnamaga kömek eder. Indi bolsa maglumat gurşawyňyzy kompaniýa gymmatlyklary bilen deňeşdirmek ýa-da tersine size laýyk gelmeýän kompaniýalary sanawdan aýyrmak üçin döredip ýa-da üýtgedip bilersiňiz.

#heşteglaryň ähmiýeti

Heşteglar köplenç ýazgydan soň iň soňky nokatlar hökmünde ulanylýarlar, emma heşteglaryň amaly wezipesi mazmuny gözlemegiň has çalt we täsirli bolmagy üçin açar sözler bolup hyzmat etmekdir.

Mysal üçin, dizaýnda boş iş gözleýärsiňiz. Gözläniňizde #dizaýnişi ýazyp bilersiňiz we boş iş ýerleriniň dizaýny boýunça toparlanan mazmun, gözleg sanawynda şuňa meňzeş heşteg toparlary peýda bolar. Heşteglary ulanyp, işe alýanlar şuňa meňzeş ýazgylary gözlände profiliňizi tapyp biler ýaly mazmunyňyzy belläp bilersiňiz.

Aragatnaşykda galyň.

Internediň emele gelmegi bilen, aragatnaşyk saklamak üçin has aňsat boldy. Sosial ulgamlary ulanmak diňe halaýan meşhur adamlaryňyzy gözden geçirmek ýa-da dostlaryňyz bilen söhbetdeşlik etmekden başga zatdyr. Aslynda, iş mümkinçilikleriňizi ösdürmek üçin doly ulanyp boljak guraldyr. Elbetde, sosial ulgamlaryň kömegi bilen potensial iş berijiler bilen göni habarlaşyp bilersiňiz. Mysal üçin, e-mail salgysyny tapmaga synanyşmakdan LinkedIn arkaly iş berijiňiz bilen habarlaşmak has aňsat. LinkedIn ýaly ulgamlar işewür gatnaşyklar maksady bilen işlenip düzülendigi sebäpli, iş tapmakda olar kabul ederlikli hasaplanýar.

Hünärmenler has şahsy maksatlar üçin döredilen Instagram ýa-da Facebook ýaly platformalary ulanmagy maslahat bermeýärler. Şahsy durmuşy professional bilen garyşdyrmak islemeýän bolsaňyz üstünlikli iş üçin Twitter we LinkedIn iň gowy saýlaw bolar.

Çeşme: Scholarship Positions https://scholarship-positions.com/facebook-twitter-and-linkedin-can-be-useful-for-students-to-find-a-job/2020/03/11/