Daşary ýurtly talyplar üçin Fransiýanyň býudjet uniwersitetleri

Möhleti
Dereje

▫️ Université Jean Monnet Saint Etienne

Sankt-Etien şäherinde ýerleşýän döwlet uniwersiteti. Uniwersitet Fransiýanyň iň gowy 90 okuw jaýynyň hataryna girýär. Bakalawr we aspirantura üçin okuwyň ortaça bahasy ýylda 500 dollar bilen 1000 dollar aralygyndadyr.

Uniwersitetiň sahypasy: https://www.univ-st-etienne.fr/fr/index.html

▫️Claude Bernard University (Klod Bernard Lion uniwersiteti)

Milli reýtingiň ilkinji 20-ligine girýän Döwlet uniwersiteti. Iň meşhur ýerler tebigy ylymlar, lukmançylyk, fizika we himiýa. Bakalawr programmalarynyň bahasy ýylda 300 dollara çenli. Magistr programmalarynyň bahasy ýylda 500 dollar.

Uniwersitetiň sahypasy: www.univ-lyon1.fr

▫️Paris Descartes University (UP5)

Paris Descartes University Fransiýanyň iň gowy 10 uniwersitetiniň hataryna girýär. Talyplary hasaba almagyň esasy ölçegi akademiki görkezijilerdir. Uniwersitet abraýly Ýewropa uniwersitet birleşiginiň (EUA) bir bölegidir. Bakalawr we aspiranturanyň bahasy ýylda 500 $ -a çenli.

Uniwesritetiň sahypasy: www.univ-paris5.fr