Awstraliýadaky Adelaide uniwersiteti

Möhleti
10.07.2020
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Awstraliýadaky Adelaide uniwersiteti ähli ugurlar boýunça daşary ýurtly talyplara magistr we doktorlyk derejeleri üçin grantlaryny hödürleýär.

Mukdary: mugt okuw, ýyllyk 28,092 Awstraliýa dollary stipendiýa; saglyk ätiýaçlandyryşy we syýahat çykdajylary tölenýär.

Talaplar

• Magistr derejesi üçin bakalawr derejesi, doktorlyk derejesi üçin magistr derejesine eýe bolmak

• Iňlis dilini iň az talap edilýän derejede bilmek (IELTS-den azyndan 6.5 bal)

Iberilmeli resminamalar:

• Pasportyň göçürmesi

• IELTS ýa-da TOEFL synag netijesiniň göçürmesi

• Bakalawr / magistr derejesiniň diplomynyň göçürmesi we transkript (notarius tarapyndan tassyklanan terjimesi bilen)

• Adelaide uniwersitetiniň professory size ylmy ýolbaşçylyk etmek isleýändigini bildiren bolsa, hatynyň göçürmesi (uniwersitetde işleýän professorlar)

• Rezýume

• Öňki derejäňizi almak üçin ylmy gözleg işi geçiren bolsaňyz, gözlegleriň netijesi-mazmunyny düşündirýän esse (iň köp 500 söz)

• Neşir edilen ylmy makalalaryňyz bar bolsa, olar barada maglumat

• Ylmy gözleg etmek isleýän temaňyz barada ýazgy

Anketa tabşyrmagyň möhleti: 2020-nji ýyl 10-njy iýul

Has giňişleýin maglumat üçin salgy

https://scholarships.adelaide.edu.au/Scholarships/postgraduate-research/all-faculties/adelaide-scholarships-international