Şwesiýada doly MBA stipendiýasy

Möhleti
22.06.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Bu stipendiýa “Dagens Industri”, “utbildning.se” we Stokgolm Ykdysadyýet mekdebiniň hyzmatdaşlygyna esaslanýar we 495,000 şwesiýa krony + SSE MBA Executive ýerine ýetiriji formatyna laýyk salgyt tölegini ödeýän talyp hakyny hödürleýär, goşulan baha üçin salgydyň doly tölegini ödeýär.

Okuw 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne başlar we adaty iş bilen bir hatarda 18 aýlap ýarym gün dowam eder. Okuw gezelençleri daşary ýurtlarda hem geçirilýär.

Giriş talaplary: stipendiýa almak üçin bakalawr derejesi we azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil talaplary: iňlis dilini gowy bilmeli.

Arzany nädip tabşyrmaly:

Arza onlaýn görnüşde tabşyrylýar, anketa girmek üçin https://campaign.bbmbonnier.se/MBA-stipendiet-2021 giriň. Anketanyň şwed dilinde bolandygyna üns beriň. Şeýle hem programma iňlis dilinde bolup biler.

Tabşyryş möhleti: 2020-nji ýylyn iýun aýynyň 20-i

Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://www.utbildning.se/inspiration/guider/allt-om-mba/mba-scholarship-15219