Polşadaky Mariýa Skłodowska Kýuri uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin talyp haklary.
Arzalaryň tabşyrylyş möhleti: iýun aýynyň 30-y.
2020-nji ýylyň aprel aýyndan başlap Mariýa Skłodowska Kýuri uniwersiteti Polşada okamak we doly talyp hakyny gazanmak isleýän daşary ýurtly talyplar üçin programma döretdi. Ýokardaky görkezilen başlangyçlaryň çäginde 12 fakultet iňlis dilinde 8 programma goşmak bilen doly stipendiýa üçin ýer berýär:
- Halkara gatnaşyklar (BA),
- Halkara gatnaşyklar (MA),
- Syýahatçylyk dolandyryşy (BSc),
- Bilimde we iş ýerinde medeniýetara aragatnaşyk (MA),
- Wizual sungat (MA),
- Pedagogika we terapiýa
- Lukmançylyk biologiýasy (BA) we
- Işewür analitika (BA).
Üstünlikli dalaşgärler üçin artykmaçlyklar:
- Okuw töleginden doly boşatmak üçin talyp haky;
- Talyp guramalary bilen integrasiýa çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik;
- Dürli gyzyklanýan ugurlardan ybarat bolýan talyp guramalarynyň hatarynda tejribe toplamak mümkinçiligi;
- we ş.m.
Gerekli resminamalaryň sanawy:
- Onlaýn programma ulgamyny ulanyp ýüklenen şahsy anketa
https://irk.umcs.lublin.pl/?change_lang=en
- Arza berijiniň iňlis dilini bilýändigini tassyklaýan şahadatnama.
- Orta bilim şahadatnamasynyň asyl nusgasy/göçürmesi (bakalawr derejesine okuwa tabşyrýanlar üçin) ýa-da bakalawr diplomynyň asyl nusgasy/göçürmesi (magistr derejesine okuwa tabşyrýanlar üçin), şeýle hem Lýublinde Bilim geňeşi ýa-da ykrar şahadatnamasy üçin ýüz tutan adamyň ýaşaýan ýerine laýyk gelýän islendik bilim geňeşi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasy.
- Dalaşgäriň Biologiýa we biotehnologiýa fakultetinde ýa-da himiýa fakultetinde okuwa başlamak üçin hiç hili garşy görkezmeleriň ýokdygyny tassyklaýan lukmançylyk şahadatnamasy (saglyk şahadatnamasy).
- Pasportyň, wizanyň ýa-da wagtlaýyn ýaşaýyşyň bellige alynandygynyň ýa-da dalaşgäriň Polşa Respublikasynyň çäginde galmak hukugyny tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasy.
- 35×45 mm ölçegdäki şahsyýetnama görnüşindäki surat.
- Hasaba alyş töleginiň tölenendigini tassyklamak.
Bellik: resminamalar Polşanyň Adalat ministrligi tarapyndan goldanýan (diňe daşary ýurtlarda alnan resminamalar, şahadatnamalar, diplomlar üçin) tassyklanan terjimeçileriň sanawyna girizilen terjimeçi tarapyndan polýak diline terjime edilmelidir.
Dalaşgär uniwersitete girse, resminamalar Halkara Talyplar Ofisine tabşyrylmalydyr (Polýak dilinde: Biuro d. Obługi Studiów i Studentów Zagranicznych).
Salgysy:
UMCS halkara talyplar üçin ofis
Mari Kýuri-Skłodowska uniwersiteti
Lýublin, Polşa
DS. Grzes, ul. Langiewicza 24, rooms: 10-11
20-035 Lublin
Poland
tel./fax +48 81 537 29 26
Resminamalaryň tabşyrylyşy barada soraglaryňyz dörese studyinenglish@umcs.pl bilen habarlaşyň
Möhletler:
- 01.04-30.06.2020 – IRK-ny hasaba almak we arzalary tabşyrmak
- 01.04–15.07.2020 – Söhbetdeşlik
- 01.04-15.07.2020 – Dalaşgärler tarapyndan tabşyrylan resminamalary barlamak
- 07/17/2020 – Netijeleriň yglan edilmegi
Doly maglumatlar üçin: https://www.umcs.pl/en/overall-information,16605.htm