Geljekki hünäri nädip saýlamaly?

25
thumbnail

Size bu soraga jogap bermäge kömek etjek birnäçe ädimleri hödürleýäris:⠀

  • Öz halaýan işleriňiziň doly sanawyny göz öňüne getiriň. Her ugruň artykmaçlygyny we minuslaryny ýazyň;
  • Saýlanan hünäriň talaplarynyň sanawyny düzüň.

Bu ýerde hünäri saýlanyňyzda hakykatdanam möhüm görýän taraplaryňyzy ýazmaly: ⠀

  • geljekki kär;
  • durmuş gymmatlyklary;
  • maksatlar;
  • okuwy gutarandan soň hünär boýunça hakyky iş tapmak mümkinçiligi;
  • islenýän okuw derejesi;
  • meýilleriňiz we başarnyklaryňyz;
  • islenýän mazmun, hususy aýratynlyk we iş şertleri.

Birinji sanawdan her hünär üçin sanaw düzüň.

  • Her talabyň ähmiýetini kesgitläň. Her birini bahalandyryň (talabyň ähmiýetine 1-den 5-e çenli). Şeýlelik bilen, siziň üçin iň möhüm we tersine ujypsyz talaplary kesgitlärsiňiz.
  • Netijeleri hasaplaň.⠀

Bütin sanawdan haýsy hünäriň size laýykdygyny derňäň. Haýsy ugurlary başaryp biljekdigiňiz barada pikirleniň.

Diňe şeýle derňewden soň uniwersiteti saýlap bilersiňiz. Özüňize hakykatdanam zerur zatlara ünsüňizi jemläp bilersiňiz we birnäçe uniwersitetlere birbada dürli ugurlar boýunça goşmaça synaglar tabşyrmaly bolmaz.