Wýetnamyň Ton Duk Thang uniwersitetinde okamak üçin talyp haklary (Magistratura).

Möhleti
15.11.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

TDTU-nyň daşary ýurtly talyby hökmünde ýokary akademiki we gözleg netijelerini gazanmak üçin magistrler, aspirantlar we gözlegçiler üçin dürli talyp haklaryna eýe bolarsyňyz. Talyp haklary akademiki görkezijilere we ylmy-barlag potensialynda esaslanýar.

Resminamalaryň tabşyryş möhleti: 15-nji noýabr.

Diplom soňrasy okamak üçin TDTU talyp haky:

  • Doly talyp haky: doly okuw tölegi + ýaşaýyş jaýynyň doly tölegi;
  • Bölekleýin talyp haky: okuw töleginiň 50% we ýaşaýyş jaýynyň 50% tölegi;
  • Ylmy-barlag talyp haky: TDTU üçin neşirlere görä.

Talaplar:

Stipendiýany gazanmak üçin dalaşgärler Ton Duk Thang uniwersitetiniň magistratura ýa-da doktorlyk programmasyna girmek teklibini almaly.

Stipendiýanyň esasy tabşyryş möhleti:

  • Güýz semestri (ýarymýyllyk) üçin her ýylyň maý aýynyň 15- den gijä galman arzany tabşyrmaly;
  • Ýaz semestri (ýarymýyllyk) üçin her ýylyň noýabr aýyndan 15-den gijä galman arzany tabşyrmaly.

Arzany nädip tabşyrmaly?

Talyp hakyna tabşyrmak üçin dalaşgärler resminamalar bilen birlikde arzany tabşyrmaly ýa-da (skanirlenen resminamalar görnüşinde) gradstudies@tdt.edu.vn adresine ibermeli ýa-da aşakdaky salgy boýunça ibermeli:

Ton Duc Thang University;

19 Nguyen Huu Tho Str., Tan Phong Ward, Dist. 7, Ho Chi Minh City, 756636, Vietnam Resmi sahypa: http://grad.tdtu.edu.vn/