24 sagadyň içinde täze endikleri öwrenmäge kömek edip biljek ädimme-ädim usulyýet.

27
thumbnail

24 sagat gaty az ýaly görnüp biler, ýöne aslynda bu döwürde başarnygyňyzy ep-esli ýokarlandyryp ýa-da täze bir zat öwrenip bilersiňiz. Muny “Ilkinji 20 sagat. Islendik zady nädip çalt öwrenmeli” kitabynyň awtory Joş Kaufman subut etdi. Ol bir ýylyň içinde Ruby programmirleme dilini, hytaý küşt we ukulelide saz çalmagy öwrendi. Şeýle hem muny 24 sagatlyk çellenj geçirýän  blogerlaryň köpüsi YouTube-a wideo goýup subut etdiler.

Arakesmesiz bir gezekde öwrenmek hökman däl, 24 sagady bir-iki hepdä bölüp bilersiňiz.  Üznüksiz çellenj kynrak bolsa-da gyzykly tejribe bolar: çäkli wagt we humar, size itergi berer we meýilleşdirişiňizden has köp zat etmäge kömek eder.

24 sagadyň içinde özüňizi özgertmek üçin 6 ädim:

1. Maksatly hünär derejesini kesgitläň.

Öwrenmek isleýän zadyňyzy, uzak möhletde we ýakyn geljekde haýsy netijeleriň geljekdigini çözüň. Mysal üçin: ynamly welosiped sürmek, halaýan toparyňyzyň aýdymlaryny gitarada çalyp öwrenmek, şapka örmek.

2. Ussatlygy elementlere tertipläň.

Ussatlygyň haýsy ädimlerden ybaratdygyny we nireden başlamalydygyny derňäň. Mysal üçin, nädip dokamalydygyny öwrenmek isleseňiz, ilkinji ädimler howa aýlawlarydyr. Bu başarnyklar, çylşyrymly nagyşlar bolmazdan, şapka, şarf, oýunjak, jorap ýa-da ýorgan örmek üçin ýeterlikdir.

3. Sapaklar üçin zerur zatlaryň hemmesini taýýarlaň.

Materiallar, okuw wideolary, kitaplar, iş ýerini. Hemme sapaklary ýükläp almak hökman däl ýa-da gymmat bahaly materiallary satyn almagyň geregi ýok. Özüňizi rahatlandyrmak üçin zerur bolan iň az mukdardan, emma şeýle-de býujedyňyza gaty täsir etmeýän zatlardan başlaň.

4. Päsgelçilikleri aýyryň.

Özüňiz üçin amatly şertleri dörediň. Sapak wagtynda hiç zat siziň ünsüňizi bölmeýän wagtyny tapyň.

5. Netijeleri ýazga alyň.

Täze başlangyçlarda üstünlik, köplenç ösüşiň näderejede möhümdigine baglydyr. Şonuň üçin ilkinji ýeňşi nädip ýazga geçirmelidigini göz öňünde tutuň. Käbir sapaklar üçin “öň” we “soň” şeýle-de gaty gowy görünýär. Mysal üçin, surat çekmegi öwrenseňiz, diňe ikini – köne we täze eserleri gapdala goýmak ýeterlikdir. Beýleki ugurlarda bolsa baha bermegiň başga usulyny tapmaly, mysal üçin, daşary ýurt dilini bilýändigiňiz barada synag geçiň, mugallymyňyza ýüzleniň.

6. Gysga arakesmeler bilen, yzygiderli, intensiw okaň.

Jorj Kaufman taýmeri günde birnäçe gezek 20 minut bellemegi we bu wagty özleşdirýän ussatlygyňyza sarp etmegi maslahat berýär. Bu formatyň konsentrasiýany we hyjuwy saklamaga kömek edýändigine ynanýar, netijede has çalt okamagy öwrenersiňiz.

Mundan başga-da, ilki bilen edýän işleriňiziň hili barada däl-de, tizligi we mukdary barada has köp pikirlenmegiňizi maslahat berýär. Şeýlelik bilen has köp zat üçin wagtyňyz bolar. Bu bolsa başarnygyňyzy has çaltlaşdyrar.

Çeşme: https://lifehacker.ru/chemu-nauchitsya-za-24-chasa/?utm_source=telegram&utm_campaign=smm_telegram&utm_medium=social