Aşakda özüňize diýmegi bes edilmeli 8 negatiw sözlemler hödürlenilýär.

25
thumbnail

Üstünlik gazanyp bilmejekdigiňizi özüňize näçe köp aýtsaňyz, şonça-da şeýle bolmak ähtimallygy ýokarydyr.

1. “Men samsyk”.

Möhüm bir taslamany üçünji gezek täzeden edýäňizmi? Okuw kitabynda näme ýazylandygyny düşünip bileňzokmy? Python-da programmirlemek bilen meşgullanmak kararyna geldiňiz, ýöne kelläňiz täze maglumatlardan aýlandymy? Şeýle pursatlarda intellektual ukybyňyza şübhelenmek we käbir kemsidiji sözler bilen öz göwnüňize degmek höwesi açylýar.

Emma özüňizi kemsitmegiň ýerine has seresaply sözlemleri ulanmaga synanyşyň. Mysal üçin, “Meniň güýçli we gowşak taraplarym bar. Programmirlemek hakykatdanam kyn. Munuň üçin has köp wagt we güýç sarp etmeli bolaryn ” diýiň.

Ýogsam, ahyrsoňy özüňizi aklyňyzyň ýeterlik däldigini ynandyrarsyňyz we şeýlelik bilen gyzykly taslamalara we täze bilimlere ýoluňyzy kesersiňiz.

2. “Meniň edenim ugruna bolmaýar! Men hiç zat edip bilemok”.

Adatça muny halys bolanymyzda aýdýarys we dünýä gaty garaňky reňklerde görünýär. Şeýle pursatlarda iň soňky bir zat ýüz öwürmek we gygyrmak üçin ýeterlikdir: “Näme üçin men hemişe şowsuz!”

Emma bu gaty umumy we kategoriki jümle, köplenç munuň aňyrsynda möhüm faktlar ýok.

Bu sözlemleri has bitarap ugryna çalşyp görüň: “Hawa, durmuşymda oňyn we pes taraplar bar. Ýöne men elimden geldigiçe işimi ýerine ýetirýärin we häzirki wagtda mümkin boldugyça gowy edýärin “.

3. “Bu meniň günäm”.

Käwagt jogapkärçiligi başgalaryň üstüne ýüklemäge synanyşýarys, käwagt bolsa başgalaryň kynçylyklary üçin özümizi günäkärläp başlaýarys. Bu konstruktiw däl we keýpiňi hemişelik bozup, hyjuwy ýok edip biler. “Bolan zatlarda meniň rolum bar. Ýöne men ýagdaýyň tutuşlygyna däl-de, diňe hereketlerim we kararlarym üçin jogapkär“.

Has giňişleýin maglumatlary okamak üçin:

• Günäkärlik nädip hujuwy öldürýär

4. “Belki, men barada … diýip pikir edýäler”.

Adamlaryň köpüsi özüni älemiň merkezi hasap edip daş töwerekdäkileriň näme pikir edýändigi barada, näme diýýändikleri we edýän zatlaryny aladalanýandygyny pikir edýärler.

Ýagny, uçurymlar ýygnagynda synpdaşlaryňyz däl-de siz özüňiz hakda başarnyksyz diýip pikir edýärsiňiz.

Käbir nätanyş adamlar hakykatdanam sizi halamasalar, bu hiç zady aňlatmaýar. Şonuň üçin “Olar men barada … pikir edýärler” sözlemi indiki sözleme geçiriň: “Olar islendik zady pikir edip bilerler, bu olaryň haky. Emma olaryň pikiri diňe olaryň pikiri, bu men hakda hiç zat aýtmaýar. ”

5. “Men ýalta adam we işlerimi erteleýärin”.

Bu hemmeler bilen bolup geçdi: işlemäge başlamak, möhüm maglumatlary gözlemek üçin interneda girmek, gyzykly, ýöne gerekmejek baglanyşyk yzy baglanyşyklar okamak bilen ünsi bölmek, şeýlelik bilen ep-esli wagty sarp etmek.

Şondan soň günäkärlik duýgysy her kimde döräp biler: peýdaly bir zat etmegiň deregine tersine, men ýalta, samsyk we passiw, hiç zada ýetip bilmerin. Bu durumda özüňize ezýet etmekden hiç hili peýda alyp bilmersiňiz.

Günäkärlik duýgysy işleri ertelemegiň sebäplerinden biridir. Biz wagty ýitirýäris, soň munuň üçin özümizi günäkärleýäris we günüň eýýäm geçendigine we işe girmegiň manysyzdygyna ynanýarys. Şonuň üçin konstruktiw däl jümleleri “Bu gün ýöne şeýle gün, dynç almaly boldum. Ertir bolsa işlerimi ýerine ýetirerin” ýaly sözleri ulanyň.

6. “Men hiç haçan üstünlik gazanyp bilmerin!”

Elbetde, her kim ýagty we amatly geljegi arzuw edýär. Emma muňa ynanmak elmydama aňsat däl – esasanam şowsuzlyklar her tarapdan akýan bolsa. Ýaramaz pikirler derrew kelläme siňip başlaýar: “Hiç haçan hiç zada ýetip bilmerin, hiç zat edip bilmerin”.

Özüňizi günäkärlemegi dowam etseňiz, munuň ýüze çykma ähtimallygy has ýokary bolar.

Alymlar 117 türgen bilen söhbetdeşlik geçirdiler, olaryň hersine içerki gepleşikleri alyp barmak barada görkezmeler berildi. Gatnaşanlaryň käbiri özlerine hiç hili duýgy taýdan reňk bermedik görkezmeler berdiler; ikinji topardan gelen türgenler özlerini höweslendirjek boldular. Üçünji topar özlerini öwdi, dördünji topar gygyrdy we gorkuzdy. Görkezijiler biri-birinden kän bir tapawutlanmady, ýöne ilkinji üç topardan gelen türgenler has ýokary sport görkezijilerini görkezdiler we özlerine has ynamly boldular.

Eger hakykatdanam umytdan düşmek we özüňize şübhelenmek isleseňiz, ony has ýumşak görnüşde edip bilersiňiz: “Hawa, şowsuzlygyň maňa garaşyp biljekdigine düşünýärin. Ýöne bu synanşmak ähtimallygyny aýyrmaýar. Her niçigem bolsa, bu pursatdan gymmatly tejribe alaryn ” diýiň

Bu meseläni düýpden öwreniň:

• Näme üçin adamda özüne şübhe döreýär we ony nädip ýeňip geçmeli.

7. “Şeýle pursatdan mahrum boldum! Emma azajyk synanşyp bilerdim!”

Biziň elimizden käwagt täsirli gazançlar, gyzykly teklipler we peýdaly aragatnaşyklar gidýär. Käwagt munuň üçin özümiz günäkär, käte bolsa ýönekeý durumlar sebäpli bolup bilýär. Emma puşman bolmazdan öň, şowsuzlyk düýbünden hemmelerde bolup geçýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Mysal üçin, birnäçe wagt mundan ozal #meni almadylar heştegi sosial ulgamlarda gaty meşhur boldy. Oňa dürli adamlar, hatda üstünlikli we meşhur adamlar, uniwersitete girip bilmediklerini, işe kabul edilmediklerini ýa-da möhüm gepleşiklerde nädip şowsuzlyga uçrandyklaryny aýtdylar.

Şonuň üçin ýitirilenler hakda özüňizi gynamakdan ozal bu pikiri başga bir görnüşde aýtmaga synanyşyň: “Bu ýerde üstünlik gazanyp bilmedim. Şol sebäpden, bu barada azajyk gürleşerin, soň ýalňyşlyklarymy seljererin we üstünde işlärin”. Durmuşyňyzda “şowsuzlyk” sebäpli bolup geçen zatlary ýadyňyzda saklap bilersiňiz.

8. “Olar elmydama üstünlik gazanýarlar. Men bolsa gazanmadym … “

Dünýäde çagalykdan bäri beýlekiler bilen deňeşdirilmedik iň bolmanda bir adam barmyka?

Seniň synpdaşyň bäşlik aldy, sen bolsa ýok.

Elbetde, hemişe bizden has ileri tutulýan adamlaryň bir görnüşiniň bardygyna öwrenişdik. Biz hiç zatdan pes däldiris diýip umyt edip, özümizi yzygiderli deňeşdirýäris. Elbetde, deňeşdirmäni köplenç ýitirýäris, sebäbi kimdir biri hökman sizden öňde bolar.

Başgalara göriplik etmek we özüňizi rehimsizlik bilen käýinmegiň ýerine, ýagdaýa başga tarapdan serediň: “Ol köp synanyşdy, şonuň üçinem üstünligi gazandy. Ondan öwrenmeli zadym bar” diýiň. Dünýäde ýeterlik üstünlik, pul we her birimize ýetjek söýgi bar.

Çeşme: https://lifehacker.ru/samovnushenie/?utm_source=telegram&utm_campaign=smm_telegram&utm_medium=social