Onlaýn kurs nämedir?

35
thumbnail

Açyk onlaýn kurslar nämedir?

Açyk onlaýn kurslar ähli adamlaryň okap biljek dürli dersleri boýunça mugt kurslardyr. Gatnaşmak üçin diňe kompýuter we internet gerek. Açyk onlaýn kurslaryň maksady dünýäniň dürli künjeginden gelen talyplary we mugallymlary birleşdirmek.

Okuwyň görnüşi internetde birnäçe şekilde bolup biler:

  • Webinar (web konferensiýasy);
  • Birnäçe okuw wideosynyň ýazgylary;
  • Tekst materiallary;
  • Öý işi bilen tejribe;

Bu görnüşleriň her biri praktikada ulanyp boljak mugallymdan alnan peýdaly maglumatlardan ybarat. Käbir ýagdaýlarda mugallymlar ýokarda agzalan formatlaryň hemmesini bir bitewi birleşdirýärler. Kurslaryň köpüsinde diňe bir okuw wideolary däl, eýsem materiallaryň öwrenilmegine gözegçilik etmek üçin synaglar hem bar. Şeýle hem, göni ýaýlymda talyplar toparynda mugallyma sorag berip bilersiňiz ýa-da oňa e-mail arkaly hat ýazyp bilersiňiz. Okuwyň ahyrynda onuň okuwy tamamlandygyny tassyklaýan şahadatnama berilip bilner – köplenç bu tölegli kurslarda bolýar.

KURSA NÄDIP goşulmaly?

Sizi gyzyklandyrýan ugry saýlaň we sahypada hasaba alynyň

Kursa haçan goşulyp bilerin?

Okuwyň birinji gününden soňky gününe çenli islendik wagtda gatnaşyp bilersiňiz.

Kursyň okuwy üçin haýsy enjam gerek bolar?

Sessiýalar kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde bolýar.

Hasaba alynmak töleglimi?

Köplenç açyk onlaýn kurslar mugt. Internede girýän hemme adamlar bu kursa gatnaşyp biler.

Kursa gatnaşmak üçin kriteriýalar barmy?

Hasaba alynmazdan ozal, okuwyň şahsy talaplaryna laýyk gelýändigiňize we size laýyk gelýändigine göz ýetirmegiňizi maslahat berýäris. Okuwyň mazmuny barada maglumatlar okuwyň sahypasynda berilýär.

Kursy geçenimden soňra şahadatnama alarynmy?

Onlaýn kurslarda gatnaşanyňyz üçin şahadatnama alyp bilersiňiz. Şahadatnama, okuwa gatnaşandygyňyzy we zerur bilimi alandygyňyzy tassyklaýan aýratyn çap edilen şahadatnama.

Çeşme: https://www.britishcouncil.kz/ru/english/mooc/how-does-it-work