Awstraliýada suw himiýasy we mikrobiologiýa boýunça PhD talyp haky.

Möhleti
31.08.2020
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Üç ýyllyk doly maliýeleşdirilen PhD talyp haky molekulýar we biologiýa ylymlary mekdebinde suw himiýasy we mikrobiologiýa çatrygynda ylmy-barlaga görnükli dalaşgär üçin elýeterlidir. Bu taslamanyň maksady hlorlanan paýlaýyş ulgamlarynda mikroorganizmleriň ýaşamagynyň mehanizmlerine, şeýle hem bakteriýalar bilen metabolitleriň monohloramin bilen täsirine gatnaşýan himiki mehanizmlere çuňňur düşünmekden ybaratdyr.

Talyp haky barada

Kriteriýalar:

  • daşky gurşaw ylymlary, himiýa, mikrobiologiýa ýa-da şuňa degişli ugurda akademiki üstünlikleriň ýokary derejesinde ýokary bilimli bolmak;
  • analitik we tankydy pikirlenmek ukyplary arkaly gözleg ukybyny görkezmek;
  • bir toparda işlemegi we aýry-aýry meseleler üçin jogapkär bolmak;
  • sanly tehnologiýalary we programma üpjünçilik paketlerini ulanmakda tejribäňiz bolmaly;
  • dilden we ýazuwdan aragatnaşyk ukyplaryna eýe bolmak, mysal üçin tezis / taslama işi we hödürlenilýän çykyşlar bilen baha berip bilmek;
  • Güýçli şahsy tertip-düzgün we işlemek islegi bilen gowy ösen wagt we öz-özüňi dolandyrmak endiklerini ulanmak.

Şeýle hem:

• mikrobiologiýada tejribäňiz bolsa gowy bolardy;

• suwuň himiki düzümi ugry boýunça hem tejribäňiziň bolmagy maslahat berilýär.

Arzany nädip tabşyrmaly?

Dr Sebastien Allard (s.allard@curtin.edu.au) bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

  • CV;
  • Akademiki kepilnamalar;
  • Saýlaw ölçeglerine degişli gysgaça ugradyjy haty ( A4-ň 2 tarapyndan köp bolmaly däl). Bu hatda näme üçin taslama bilen gyzyklanýandygyňyzy we başarnygyňyz, häsiýetleriňiz we tejribäňiziň sizi baýraga gowy dalaşgär edýändigini düşündirmeli.

Goşmaça soraglar:

Dr Sebastien Allard (s.allard@curtin.edu.au) bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Tabşyryş möhleti: awgust aýynyň 31-i.

Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://scholarships.curtin.edu.au/Scholarship/?id=4026