Uniwersitete girmedik bolsaňyz näme etmeli?

43
thumbnail

Arkaýyn boluň, bu sebäpli dünýä ýykylmaz. Uniwersitetde doly okuw – bilim we hünär almagyň ýeke-täk usuly däl.

Uzak aralykdaky okuwa girmäge synanşyň!

Bu ýokary okuw jaýyna girmegi ýüregine düwen, ýöne doly okuw gününe girmeýänler üçin alternatiw çözümiň bir görnüşidir. Bakalawr we hünärmen programmalaryna tabşyrýan dalaşgärler bäş uniwersitetlere, üç ugur boýunça girip bilerler. Doly okuwa girip biljegiňizde şübhe bar bolsa, uzak aralykdaky okuwda bilim alyp boljak hünäriňizi saýlaň. Uniwersitetler bu görnüşdäki okuwlaryň resminamalary tabşyrmagyň möhletlerini özbaşdak kesgitläp bilerler, şonuň üçin uniwersitetiň web sahypasyna serediň we giriş düzgünlerini okaň.

Köp adamlar uzak aralykdaky okuwy halamaýarlar. Sebäbi aralykdaky okuwlaryň diňe diplom üçin edilendigini we hakykatdanam bilim bermeýändigini düşünýärler. Aslynda uzak aralykdan okamak has köp tutanýerliligi we jogapkärçiligi talap edýär. Materialyň ep-esli bölegini özbaşdak özleşdirmeli bolýar we synaglary aňsat tabşyryp bolmaýar. Ýöne okuwy iş bilen kynçylyksyz birleşdirip bolar, şonuň üçin uniwersitetiň ahyrynda diňe bir diplom däl, eýsem gowy iş tejribesi hem bolar. Şeýle-de siz çykdaýjylaryňyzy biraz kemeldip bilersiňiz, sebäbi adatça uzak aralykdaky okuw arzan bolýar.

Kolleje giriň!

Aslynda kollejde okamagyň hiç hili kemçiligi ýok. Orta hünär bilimi diňe bir ussalar üçin däl. Kollejde dizaýner, redaktor, suratçy ýa-da zergär ýaly hünärleri okap bilersiňiz. Eger siz bir hünäri saýlan bolsaňyz, bu çözüm hünäri uniwersitetden has çalt almaga mümkinçilikdir: köplenç orta hünär bilim programmalary 2 ýyldan 4 ýyla çenli bolýar.

Iş tapyň!

Mekdep uçurymlary üçin boş iş orunlary adatça ofisiantlar, kurýerler we animatorlar, ýöne hiç kim başarnyklarda pul gazanmagy gadagan etmeýär. Kamerany gowy ulanyp bilseňiz, sosial ulgamlarda suratçy hyzmatlaryny hödürläň. Gowy surat çekýän bolsaňyz, özüňizi dizaýnda we animasiýada synap görüň. Beýýannamany gowy ýazýan bolsaňyz, kopiraýter wezipesi siziň üçin laýyk bolar. Uzakdan işlemäge başlap bilersiňiz, ondan soňra işiňiz ugruna girer.

Özbaşdak okaň!

Ilki bilen orta bilim şahadatnamanyň bahalary erbet bolsa, eýýäm siziň üçin kyn bolan derslerden mugallym gözläň ýa-da kurslara ýazylyň. Ikinjiden, onlaýn kurslarda uniwersitet programmasyny bölekleýin özleşdirmek mümkinçiligi bar. Size uzak ylymlar boýunça bakalawr derejesi berilmez, ýöne elektron şahadatnama alyp, uniwersitete gireniňizde öwrenilen kursy sanamaga synanyşyp bilersiňiz.

Ine, onlaýn öwrenip boljak birnäçe çeşme:

  • “Открытое образование” – Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden 590 kurs. Okuw ugurlarynyň arasynda matematika, tebigy we ynsanperwer ylymlary, saglygy goraýyş, inženerçilik, şeýle hem sungat we medeniýet bar. Bakalawr we hünär programmalarynda bilim alýan wagtynda hem onlaýn kurslar göz öňünde tutulyp bilner.
  • «Универсариум» – elektron bilimiň açyk ulgamy. Bu ýerde Google we Mail.ru ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň okuw programmalary we uniwersitet kurslary ýygnalan.
  • Stepik – matematika, ylym we gumanitar dersleriň uly katalogy. Hatda programmirlemek isleýänler üçin bir bölümi bar, ýöne onuň nähili işleýändigi barada az düşündirýär.
  • Teach‑in – Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan wideo leksiýalary. Leksiýalar kynçylyk derejesi boýunça ýarym ýyllyklara (semestrlere) bölünýär.

Hünäri onlaýn kurslar bilen öwreniň.

Käbir ugurlarda bilim we başarnyk çalt könelýär, şonuň üçin hünäri (kwalifikasiýany) yzygiderli ýokarlandyrmaly. Uniwersitetler uçurymlar üçin üýtgeýän talaplary hemişe ýerine ýetirmeýärler we ahyrynda birnäçe ýyl okandan soňra, işde hemme zady täzeden özleşdirip başlamaly bolýar. Elbetde, çäklendirmeler bar: uzak aralykdaky biliminiň kömegi bilen lukmançylygy öwrenip bilmersiňiz, ýöne hiç hili kynçylyksyz web döredijik hünärini okap bilersiňiz.

IT-de, dizaýnda ýa-da marketingde özüňizi gözleýän bolsaňyz, praktiklerden öwrenmek has gowudyr. Bu hyzmatlar täze hünäre girmäge we ýokary hünärli bolmaga kömek ederler:

• GeekBrains – 30-dan gowrak hünäri noldan öwrenip boljak bilim portaly: web döredijiden oýun dizaýneri ýa-da SMM dolandyryja çenli. 17 ýaşa ýetmedikler üçin mugt intensiw kurslar bar.

• “Netologiýa” – internet hünärlerine gönükdirilen onlaýn uniwersitet. Programmirlemegi, web dizaýnyny we analitikany öwredýärler, köp leksiýany mugt görüp bolýar.

• “Яндекс.Практикум” – bu hyzmat ýedi hünäri saýlamagy teklip edýär: mysal üçin synagçy ýa-da Data Science hünärmeni öwrenip bilersiňiz. Okuwa tölegli başlamaga şübhelenýän bolsaňyz, mugt synag modullaryny synap bilersiňiz.

Çeşme: https://lifehacker.ru/chto-delat-esli-ne-postupil-v-vuz/?utm_source=telegram&utm_campaign=smm_telegram&utm_medium=social