Size ähli kynçylyklarda kömek edip biljek 3 maslahat.

37
thumbnail

Daş-töwereginde jähennem bolsa nädip aklyndan azaşmaly däl?

Käte adamlar erbet zat bilen ýüzleşenlerinde başdan geçirýän meselelerinden gizlenýärler we olaryň öz – özünden çözülmegine  garaşýarlar. Bu adaty bir ýagdaý, sebäbi adamlar köp bagt we az mesele isleýärler. Ýöne negatiw gaýgylar uzak wagtlap dowam etse, olardan gizlenmek üçin doly ýaşamagy bes edýäris.

Emosional gaçmalary geçirmän, olardan has köp peýdalanmak üçin näme etmelidigi barada aşakda aýdyp berýäris.

1. Negatiwligi ösüş üçin bir mümkinçilik hökmünde görüň.

Her bir negatiw tejribe dogry kabul edilse, size köp zat öwredip biler. Işden aýrylmak size has laýyk hünär gözlemäge itergi berip biler. Ýakyn adamyňyz bilen aýrylyşmak täze ýokary hilli gatnaşyklara ýol açar.

Kesel size nädogry ýaşaýandygyňyz barada aýdar: saglygyňyza gözegçilik etmeýändigiňizi, kän işleýändigiňizi, özüňize we maşgalaňyza wagt aýyrmaýandygyňyz, gaty köp alada edýändigiňizi. Köplenç keselden soň adamlar köp zat hakda pikirlerini üýtgedýärler, özleri hakda alada edip başlaýarlar, ýakynlary bilen has köp wagt geçirýärler.

Her bir kynçylyk siziň üçin mugallymyňyzdyr. Emma sapaga diňe öz tejribäňizi aç-açan başdan geçirseňiz düşünip bilersiňiz.

2. Gizlenmäň, bütin ömrüňizi ýaşaň.

Umytsyzlykdan gutulmak üçin adamlar köplenç manysyz işleriň arkasynda gizlenýärler: içýärler, artykmaç süýjilikleri iýýärler, telewizor görýärler, internete we sosial ulgamlara ýapyşýarlar, kompýuter oýunlaryny oýnaýarlar, umuman problemalar hakda pikir etmezlik we agyry duýmazlyk üçin isleýän zatlaryny edýärler.

Şeýle strategiýa wagtlaýyn kömek edýär. Duýgular ýitip gitmeýär, ertesi irden size täzeden yzyna gelýär.

Duýgularyňyzdan gizlenmegiň zerurlygy ýok. Tersine olara özüňizi açyň we doly ýaşaň. Olar sizi öldürmez, ýöne şypa berer.

Ýagdaýymyza näçe köp üns bersek, şonça-da agyry duýýarys. Emma ylmy-barlaglar munuň beýle däldigini görkezdi. Akyldarlyk meditasiýasy bilen meşgullanýan adamlar, barlaga gatnaşanlaryň hemmesinden 44% az azap çekipdirler.

Ýagdaýyňyza üns beriň! Daşarky ýagdaýlara däl-de, içiňizde bolup geçýän zatlara üns beriň. Siz näme duýýarsyňyz: gorky, höwes, umytsyzlyk? Bu duýgyny giňeldiň, doly ýaşaň, dürli öwüşginlerini duýuň. Emosional ýagdaýyňyzyň hiç bir bölegini ýitirmän, doly beýan etmelidigiňizi göz öňüňize getiriň.

3. Tejribäňizi gowy görüň.

Haçanda negatiwden gizlenmegi bes edeniňizde, duýgularyňyzy açyp, sapak alanyňyzda, indiki ädim tejribäňizi söýmekdir.

Agyrlyk we gynanç bilen doldurylan her pursat, şol bir wagtyň özünde gözellikden doly. Siziň göwnüňize degýän her bir adam, şeýlelik bilen size gymmat bahaly sapak berýär. Tejribäňiziň her minudyny we bu tejribäni alamaga täsir eden her kime sag bolsun aýdyň.

Erbet döwürlerde ösüş üçin mümkinçilik hökmünde begeniň, has gowulaşmak üçin çakylyk hökmünde kabul ediň.

Kynçylyklar gutarandan soň, siz birneme güýçli we akylly bolarsyňyz.

Çeşme: https://lifehacker.ru/vsyo-ploxo/?utm_source=telegram&utm_campaign=smm_telegram&utm_medium=social