Has çalt we gowy okamagyň subut edilen 5 usuly.

57
thumbnail

Alymlar maglumatlary nädip ýatda saklamalydygyny we täze ukyplary öwrenmelidigini aýtdylar.

1. Okuwyňyzy üýtegşik ediň.

Gynansakda şol bir zady gaýtalanyňyz bilen has köp ýadyňyzda galmaz. Alymlar okuw materialyny her gezek gaýtalanyňyzda usullaryny azajyk üýtgetmegi maslahat berýärler. Bu maglumatlary has çalt siňdirmäge hem kömek eder.

Mysal üçin, tennisçiler sagdan urgylary, çepden urgylary we uçuşdan oklary aýratyn däl-de bilelikde türgenleşdirip bilerler. Bu her ussatlygy öz gezeginde ösdürmekden has kyn, ýöne has täsirli.

Üstünlik gazananlar, işi şowuna düşmeýän adamlaryň islemeýän zadyny edýärler. Durmuşy aňsatlaşdyrmagy arzuw etmäň. Gowulaşmagy arzuw ediň.

Jim Rohn iş tälimçisi, şahsy ösüş hakda kitaplaryň awtory.

2. Daşky gurşawy üýtgediň.

Gözlegçileriň pikiriçe ýagdaýy üýtgedenimizde maglumatlary has netijeli ýadymyzda saklaýarys. Dürli şertlerde okaň, iň amatly ýeriňizi tapmak üçin synag ediň. Daşarky höweslendirmeler belli bir maglumatlar ýa-da başarnyklar bilen baglanyşykly bolar. Şol sebäpli olary ýatda saklamak has aňsat bolar.

3. Okuwy aralyklara bölüň.

Bir ussatlygy näçe uzak türgenleşdirseň, şonça-da gowy edip boljak ýaly. Ýöne şeýdip, özüňizi ýadawlyga getirip bilersiňiz. Yzygiderli dynç almak has gowudyr. Dynç alandan soň öndürijilik we konsentrasiýa ýokarlanar.

Hemme zady bir gezekde öwrenmäge synanyşmaň. Okuwy gysga aralyklara bölmek has peýdalydyr. Bu ýerde esasy zat deňagramlylygy tapmakdyr. Yzygiderli täze zatlar öwreniň, ýöne maglumat bilen özüňizi ýüklemäň.

4. Öwrenen zatlaryňyzy birine aýdyp beriň.

Kimdir biri sizi goldasa, bir zady taşlamak elmydama kyndyr. Mundan başga-da, öwrenilen materiallary başgalara aýtmak peýdalydyr. Şeýlelik bilen okan zadyňyz ýadyňyzda has gowy galar.

Bilimleriňizi paýlaşjak birini tapyň. Mysal üçin, daşary ýurt dilini öwrenýän bolsaňyz, şol dili hem öwrenýän dostuňyza täze sözleri ýa-da düzgünleri aýdyp beriň. Şeýlelik bilen, olary has gowy ýatda saklarsyňyz.

5. Köp meselelilik barada ýatdan çykaryň.

Ylmy-barlaglar köp işlemek öndürijiligi we işiň hilini peseldýändigini tassyklaýar. Şonuň üçin bize taslamany tamamlamak ýa-da täze bir ussatlygy özleşdirmek kyn: hemişe başga bir zat bilen ünsümizi çekýäris.

Ýeke bir işe üns beriň. Birnäçe meseleleriň arasyndan geçmek beýniniň täze maglumatlary kabul etmek we saklamak ukybyny peseldýär.

Bir zada ýetmek isleýän ugurlaryňyzy saýlaň. Güýjiňizi hemme zada birbada sarp etmäge synanyşmaň: bu mümkin däl.

Netijeler:

  1. Potensialyňyzy açmak üçin yzygiderli öwrenmeli.
  2. Elmydama täze mümkinçilikleri gözläň we täze başarnyklary gazanyň.
  3. Hemme zada özüňizi sarp etmän, ileri tutýan zatlaryňyzy biliň.
  4. Okuwy sizi has gowulaşdyrjak gündelik kynçylyk hasabynda görüň.

Çeşme: https://lifehacker.ru/kak-uchitsya-luchshe/?utm_source=telegram&utm_campaign=smm_telegram&utm_medium=social