Global Peace Summit Turkey 2020

Möhleti
30.08.2020
Arza göýbermek

100-den gowrak ýurtdan üýtgeşik, başarnykly we joşgunly ýaş liderlar üçin mümkinçilikler döredýär. Ilki bilen, sammit olaryň pikirlerini we ýol kartalaryny ösdürýär we olary durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýakynlaşdyrýar. Ikinjiden, guramaçylar zorluga, ýigrenje we ähli diskriminasiýa garşy göreşmek üçin olaryñ jemgyýetlerinde parahatçylygy goldaýarlar.

Sammitiň geçirilýän wagty – oktýabr aýynyň 15-inden 18-ine çenli.

Sammitiň maksady ýaşlary parahatçylyk bilimde başarnyklaryny ösdürmäge ruhlandyrmak, pikir alyşmaga we taslamalar alyş-çalşyna hemaýat bermek, şeýle hem pikirdeş adamlary we dünýä liderlerini ýaratmak üçin täze ulgam döretmek. Talyplar we ýaş liderlar dürli parahatçylyk sessiýalaryna, diskussiýalara we halkara delegatlar we spikerler bilen çärelere gatnaşmak arkaly “UNSDG -ä ýaşlaryň seslenmesini üýtgetmek” boýunça çözgütleri we taslamalary hödürlärler.

Kriteriýalar:

  • 16 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar;
  • açyk, ýokary höwesli we hyjuwly;
  • talyplara we ýaş hünärmenlere ýüz tutmak maslahat berilýär;
  • BMG-nyň durnukly ösüş ugrundaky maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen;

Aýratynlyklary:

  • Doly / Bölekleýin / Özbaşdak maliýeleşdirilýän ýerler
  • Uçuş peterkleriň we ýaşaýyş jaýynyň tölegleri;
  • Wizany oňarmagyň kömegi;
  • Dünýä liderleri bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiligi;
  • Meňzeş pikirli ýaş sosial telekeçiler bilen tanyşlyk;
  • Başarjaňlyk alyş-çalşygy;
  • Parahatçylyk bilimi we liderlik başarjaňlygy ösdürmek;
  • Diskussiýa forumlary;
  • Esasy nutukçylar;
  • Maksatly topar maslahatlaşmalar;
  • Topar çäreleri;
  • Baýraklar we şahadatnamalar;
  • Gatnaşýan kompaniýalar;
  • Medeni görkeziş;
  • Gala gijesi;
  • Gezelençler.

Netijeler 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-ne belli bolar.

Covid-19 wagtynda gatnaşyjylaryň  howpsuzlygy:

Türk hökümetiniň görkezmesine laýyklykda ýerinde dezinfeksiýa, yzygiderli gyzzyrma ölçegleri, aralygy saklamak, ellikleri, maskalary we el dezinfeksiýalaryny üpjün etmekden ybarat.

Arzanyň tölegi: 26.06 $ (bank arkaly tölenýär).

Bu töleg hiç bir şekilde  yzyna gaýtarylmaýar. Doly / bölekleýin maliýeleşdirilen ýere kabul edilen bolsaňyz, hasaba alyş tölegi tölenmeli.

Tabşyryş möhleti: 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 30-y sagat 11:59.

Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://www.cognitoforms.com/GlobalPeaceChain1/GlobalPeaceSummitTurkey2020