Schwarzman Scholars

Möhleti
22.09.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Schwarzman Scholars geljekki dünýä liderleri üçin bir ýyllyk talyp haky programmasydyr. Bu programma – Hytaýyň iň abraýly uniwersitetlerinden biri bolan Pekindäki Tsinghua uniwersitetinde bir ýyllyk magistr derejesi arkaly liderlik ukyplaryny we hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Okuw iňlis dilinde geçirilýär.

Kimi kabul edýärler?

  • Liderlary;
  • 18 ýaşdan 29 ýaşa çenli adamlary;
  • Iňlis dili bilimi – Advanced derejesinde bolanlary.

Doly stipendiýa aşakdakylardan ybarat:

  • 100% okuw çykdaýjylaryny ödeýär;
  • Uçuş petekleriniň, ýaşaýyş ýeriniň, iýmitimiň, lukmançylyk ätiýaçlandyryşynyň, okuw kitaplarynyň tölegi;
  • Hytaý dilini mugt öwrenmek;
  • 4000 ABŞ-nyň dollaryndan ybarat aýlyk talyp haky.

Başlanýan senesi: 2021-nji ýylyň awgust aýy.

Programmanyň beýany:

Ýaş ýolbaşçylary Hytaý bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky düşünişmegi çuňlaşdyrmak üçin taýýarlaýan Schwarzman Scholars, XXI asyryň geosyýasy ýagdaýyna jogap hökmünde döredilen ilkinji stipendiýasydyr. Syýasat, işewürlik ýa-da ylym  geljekki liderleriň dünýädäki üstünlikleri Hytaýyň bütindünýä tendensiýalardaky ýerini düşünmäge bagly bolar.

Bütindünýä aragatnaşyklaryň magistri.

Schwarzman Scholars – yň tejribesi, Tsinghua uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça berk we innowasion magistr programmasyna esaslanýar. Talyplar akademiki we hünär maksatlaryna laýyk gelýän okuw meýilnamasyny düzmek üçin gözegçi bilen işleşip, global meseleler boýunça magistr derejesini okaýarlar.

Talyplar esasy okuw meýilnamasyna goşmaça, esasan Hytaýda belli bir ýa-da deňeşdiriji ünsi jemleýän ykdysadyýet, jemgyýetçilik syýasaty we halkara gatnaşyklary ugurlarynda esasan akademiki derslerden saýlap bilerler.

Talaplar:

• bakalawr derejesi;

• 18 ýaşdan 29 ýaş aralygy;

• IELTS 7.0 ýa-da şoňa deň;

Maksatnama 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlar.

Schwarzman Scholars üçin deslapky anketany dolduryň:

https://schwarzman.studyqa.com/?utm_source=telegram&utm_medium=post&utm_campaign=post_0707