MSc üçin inženerilik ugrundan Daniýanyň hökümet talyp haky

Möhleti
01.09.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Günorta Daniýa uniwersiteti ýokary bilim we gözleg ministrligi tarapyndan goldanýan, daşary ýurtly talyplaryň okuw wagtynda goşýan goşantlaryny ykrar etmek üçin Daniýanyň hökümet stipendiýasyny hödürleýär.

Robotlardan başlap sowadyjylara çenli mehanikanyň, elektronikanyň we programma üpjünçiliginiň utgaşmasy hemme ýerde ulanylýar. Inženerçilik boýunça magistr derejesi bilen meselem, has kiçi we has çalt IT önümlerini döredip ýa-da energiýa tygşytlaýan önümleri döredip bilersiňiz. Mehatronikany çuňňur bilmegiňiz we düşünmegiňiz, gündelik işler üçin innowasion tehnologiki çözgütleri döretmäge mümkinçilik berýär. Magistr talyby hökmünde iki ugur boýunça ýöriteleşip bilersiňiz: oturdylan ulgamlar ýa-da kiber-fiziki ulgamlar. Şunuň bilen baglylykda Günorta Daniýa uniwersiteti iki kurs üçin Daniýanyň hökümet talyp hakyny hödürleýär: MSc in Engineering – Mechatronics  (inženerçilikde MSc – Mechatronics) we MSc in Engineering – Electronics.

Magistr derejesini almak üçin aşakdaky bellenilen uniwersitetlerden bakalawr derejesi bolmaly.

  • University of Southern Denmark okuw jaýyndan alnan robotika boýunça bakalawr;
  • Aalborg uniwersitetinden elektronika we kompýuter inženerçiligi boýunça bakalawr;
  • Technical University of Denmark elektrik we elektron inženerçiligi boýunça bakalawr;
  • University of Southern Denmark, Technical University of Denmark ýa-da Aarhus University elektrik we elektronika inženerçiligi boýunça bakalawr derejesi;
  • University of Southern Denmark, Technical University of Denmark ýa-da Aarhus University elektronika we kompýuter inženerçiligi boýunça bakalawr derejesi;
  • University of Southern Denmark, Technical University of Denmark ýa-da Aarhus University energiýa boýunça bakalawr;
  • University of Southern Denmark, Technical University of Denmark ýa-da Aarhus University elektrik inženerçiligi boýunça bakalawr derejesi;
  • Mehatronikada bakalawr derejesi: eger-de elektronika ýa-da oturdylan ulgamlar boýunça profiliňyz bar bolsa;
  • Elektronikada (MC-PWE) we sanly dizaýn we signallary gaýtadan işlemek (MC-DDS) mehaniki we saýlama kurslardaky profiliňyz bar bolsa;

Dil bilimi boýunça talaplar:

Iňlis dilinde okadylýan magistr programmasy üçin ýüz tutýan bolsaňyz, iňlis dilini bilmek derejäňizi aşakdaky görnüşde subut etmeli. Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti:

• fewral aýynda okuwa başlamak üçin 1-nji dekabra çenli resminamalary tabşyrmaly

Koronawirus: Iňlis dili derejäňizi nädip subut etmeli?

Dil synaglarynyň ýatyrylmagy sebäpli iňlis dilini bilýändigiňiz barada ýeterlik resminamalary bermek kyn bolup biler. Aşakdaky mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyňyzy maslahat berýäris:

• TOEFL iBT Special Home Edition

TOEFL iBT, SDU tarapyndan ykrar edilen ýörite öý neşirinde hödürlenýär. Has giňişleýin maglumat üçin ETS.org sahypasyna ýüz tutuň.

• Iňlis dilinde gürleýän ýurtda bilim almak.

Magistr derejesini almak üçin ýüz tutanyňyzda diňe bakalawr derejäňize baha berler. Bakalawr derejäňizi gutaranyňyzdan soň goşmaça bilim alan bolsaňyz, okuwa girmek hukugyňyzyň bahasyna goşulmaz. Resmi bakalawr derejesini ýa-da uniwersitetiňizden iňlis dilini gutarandygyňyzy subutnama hökmünde tabşyryp bilersiňiz.

EUB-ne girmeýän raýat bolsaňyz we Daniýada ýaşamak üçin rugsatnamaňyz ýok bolsa (iň azyndan 31-nji iýun / 31-nji dekabr aralygynda), 25-nji noýabrda tamamlan bakalawr derejäňiz bolmaly (fewral aýynda kabul edilmek üçin).

Talyp haky iki bölekden ybarat: doly okuw tölegi we doly okuw tölegi we DKK 3000 ýaşaýyş çykdaýjylaryny ýapmak üçin grant (takmynan 402.51 funt).

Giriş möhleti: 1-nji sentýabr (fewral aýynda okuwy başlamak üçin)

Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://www.sdu.dk/en/uddannelse/kandidat/electronicssoenderborg