Onlaýn kurs: Professional elektron portfolioňyzy iňlis dilinde döretmek.

46
thumbnail

Dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy eýýäm internete birikdirilensoň, özüňizi köpçülikden tapawutlandyrmak has möhümdir. Munuň iň oňat usullaryndan biri, rezýumeňizi we iş nusgalaryňyzy görkezýän elektron bukjany döretmekdir. Bu kursda web sahypasyny nädip döretmelidigini, şeýle hem zerur bolan grammatikany, söz baýlygyny we ýazuw endiklerini öwrenersiňiz. EPortfolio-dan maglumatlary iş tapmak ýa-da beýleki hünärmenler bilen aragatnaşyk gurmak üçin LinkedIn, Twitter, Instagram we YouTube ýaly beýleki onlaýn ulgamlary nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz. Bu prossesiň her tapgyrynda leksiýalary diňlärsiňiz, düşünjäňiz boýunça synaglaryny geçirersiňiz we sahypaňyzyň her bölegi üçin iňlis dilini nädip dogry ulanmalydygyny öwrenersiňiz.

Bu okuwyň ahyryna çenli siz aşakakylary başararsyňyz:

  • EPortfolio üçin dogry sözbaşy ýazmak;
  • Işiňizi 1 sözlemde we has uzyn görnüşde suratlandyrmak;
  • Heştaglary nädip netijeli ulanmalydygyny kesgitlemek;
  • Özüňiz we işiňiz barada täsirli rezýume ýazmak;
  • Bilimiňizi we hünär tejribäňizi beýan etmek üçin dogry sözleri ulanmak;
  • Iş tapmak üçin nädip twit ýazmalydygyna düşünmek;
  • Belli bir teswir ýazmak we beýlekiler bilen onlaýn işleşmek;
  • Portfolioňyzdaky zatlary Instagram, Twitter, LinkedIn ýa-da YouTube ýaly beýleki ulgamlarda ulanmak.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.coursera.org/learn/eportfolio-english