Emory uniwersitetiniň programmalary.

Möhleti
01.11.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki Emory uniwersiteti (ABŞ) bölekleýin ýa-da doly talyp hakyny hödürleýär. Okuw programmalary talyplara ukyplaryny doly açyp görkezmäge we uniwersitete, Atlanta, dünýä doly täsirine ýetirmekleri üçin çeşmeleri we öz goldawyny hödürleýär.

Uniwersitet 80 sany esasy we 60 sany ikinji derejeli programmalary hödürleýär.

Akademiki fakultetler indiki pudaklardan ybarat: Afrika-Amerikan okuwlary, Afrika öwrenişleri, Amerikan okuwlary, Gadymy Ortaýer deňzini öwreniş, Antropologiýa, Sungat Taryhy, Biologiýa, Himiýa, Klassika, Deňeşdiriş edebiýaty, Informatika, Gündogar Aziýany öwreniş, Ykdysadyýet, Iňlis dili, Ekologiýa, Film we Mediýa öwrenişleri, Fransuz we Italiýa bilimleri, Nemes bilimleri, Saglygy goraýyş, Medeniýet we jemgyýet, Taryh, Lukmançylyk, Dersara okuwlar, Ýewreý okuwlary, Latin Amerikasy we Karib deňziniň okuwlary, lingwistika, matematika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa okuwlary, aýdym-saz, newrologiýa we özüni alyp baryş biologiýasy, filosifiýa, fizika, syýasat ylymlary, psihologiýa, mukdar teoriýasy we usullary, din, rus we gündogar Aziýa dilleri we medeniýetleri, sosiologiýa, ispan we portugal dilleri, teatr we tans, jyns ylymlary.

Arzany nädip tabşyrmaly?

1. Ähli gözleg maksatnamalaryna gatnaşmak üçin tabşyrylyş kararlarynyň üç görnüşinden birini saýlamaly (irki tabşyryş karar I, irki tabşyryş karar II ýa-da adaty tabşyryş karar) we 15-nji noýabrda ähli zerur resminamalary tabşyrmaly (Irki tabşyryş karara tabşyrýanlar 1-nji noýabrda resminamalaryny ýüklemeli.)

2. Şeýle hem anketaňyzdaky “Do you wish to be considered for merit scholarships?” soraga razylyk bilen jogap bermelisiňiz.

Üns beriň!

  • Goşmaça nominasiýa, düzme ýa-da material gerek  däldir.
  • Dalaşgärleriň resminamalaryny barlamak üçin mekdep geňeşçisi tarapyndan hödürlenmeli däl.
  • Dalaşgärleriň hemmesi raýatlygyna garamazdan, talyp haklary üçin göz öňe tutularlar.

Saýlaw prosesi:

Talyp haky maksatnamalaryny saýlamak, saýlama komiteti tarapyndan abraýly bölüm bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Programmanyň finalyna çykmadyk dalaşgärler, saýlanan anketa meýilnamasyna laýyklykda henizem doly kabul edilýär we beýleki hünäri boýunça kiçi talyp haklary üçin awtomatiki usulda hasaplanylýar.

Saýlaw prosesi maliýe kömegi bilen deňeşdirilende düýbünden aýry. Haçan-da bir talybyň ýokary derejeli talyp hakyny we maddy kömegi almaga haky bar bolsa, ilki bilen talyp haky berilýär. Maliýe kömegi üçin ýüz tutýan talyplar galan zerurlyk diňe bir talyp haky bilen çäklenmese, zerur grantlar we karzlar alyp bilerler.

Finalçylar diňe belli bir maksatnama gatnaşmaga çagyrylar: Emory Scholars, Oxford Scholars ýa-da Goizueta Scholars.

Bilim programmalary:

1. 1-nji noýabr – Emory uniwersitetiniň talyp haky programmalaryna ýüz tutmagyň soňky möhleti.

2. Oktýabr – ýanwar – saýlaw we fakultet komitetleri tarapyndan barlanýan arzalar.

3. Fewral aýynyň soňy – Akademiýanyň finalçylary saýlanylýar we habar berilýär.

4. Aprel  aýynyň başy  – Finalçylar uniwersitet şäherçesine baryp görýärler. Ylmy maksatnamalara gatnaşýandyklary yglan edildi.

 5.1 –nji maý – giriş möhleti.

Giriş üçin daşary ýurtly talyplar giriş talaplarynyň https://apply.emory.edu/apply/first-year/index.html hemmesini ýerine ýetirmeli. Mundan başga-da iňlis dilini bilýändikleri barada şahadatnama hödürlemeli we maliýe ýagdaýy barada şahadatnamasyny bermeli.

Iňlis dilini bilmek barada talaplar:

Iňlis dili ene diliňiz däl bolsa, iňlis dilinde gürlenýän okuw ýerinde üstünlik gazanyp biljekdigiňizi görkezmeli. Talyplar iňlis dili bilimini aşakdaky ölçegleriň biri bilen görkezip bilerler:

  • SAT-da okamakda we ýazmakda 700+ bal;
  • ACT boýunça 30+;
  • Soňky dört ýylda ähli akademiki derslerde iňlis diliniň öwredilýän dili bolan mekdepde okuw.

Bu kriteriýalara laýyk gelmeýän bolsaňyz, anketaňyz bilen aşakdaky goşmaça synaglardan biri talap edilýär. Üçüsinden diňe biri tabşyrylmaly.

TOEFL WE IELTS

Internet-based TOEFL (iBT ýa-da iBT Home Edition) boýunça  azyndan 100, TOEFL ITP üçin C1 we IELTS üçin 7.5 garaşylýan bal.

DUOLINGO (DET)

Dalaşgärler gysga wideo söhbetdeşliginden we iňls dilinde ýazylan tekstden ybarat bolýan iňlis dilini bilmek Duolingo synagyny hem geçip bilerler. Bu synagda söhbetdeşliklere baha berilmeýär, ýöne 160 –dan 120 bal gazanan Emoriniň dalaşgärleri Emoriniň iňlis dilindäki talaplaryna laýyk gelýärler.

Halkara talyplar üçin maliýe kömegi.

Her ýyl zerur bolanda saýlanan daşary ýurtly talyplar toparyna maliýe goldawy hödürlenilýär. Has giňişleýin maglumat üçin: https://apply.emory.edu/financial-aid/international.html

Dalaşgäriň maliýe ýagdaýy barada şahadatnama:

• Daşary ýurtly talyplar Emory uniwersitetinde okaýan wagtynda ähli çykdaýjylary ýapmak üçin ýeterlik serişdesiniň bardygyny görkezmek üçin halkara / maliýe sertifikat formasyny (FIF) tabşyrmaly. Ýeterlik maliýe ýagdaýynyň subutnamasy bankyňyzdan ýa-da maliýe edaraňyzdan kwitansiýa ýa-da beýannama şeklinde hem tabşyrylyp biler.

• Maliýe kömegine arzany tabşyrýan daşary ýurtly talyp bolsaňyz Emoride birinji ýylyňyzy doly ýapmak üçin ýeterlik serişdäňiziň bardygyny görkezmegiň zerurlygy ýok. Maliýe kömegi üçin arzaňyzy tabşyrýan bolsaňyz, FIF-i mümkin boldugyça takyk dolduryň.

Dalaşgärler FIF-lerini we beýleki goldaw resminamalaryny arza tabşyryş portalyna ýüklemeli.

Goşmaça resminamalar:

Bu materiallar rezýume, sanly portfel ýa-da YouTube baglanyşygy, hödürleýiş hatlary, höweslendiriş hatlary we düzmeleri öz içine alyp biler.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://apply.emory.edu/financial-aid/types-of-aid/scholar-program.html