Diponegoro uniwersitedi halkara döredijilik bäsleşigini yglan edýär

Möhleti
Arza göýbermek

Indonezýa döwletiniň Diponegoro uniwerstideniň Diponegoro halkara offisi “CREADENATION 2020” atly ýagny,  Diponegoro halkara talyplaryň döredijilikli pikirler bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik okuwçylar we talyplar atly 2 kategoriýa bölünýär.

Okuwçylar üçin döredijilikli afişa ýaryşy geçirilip, bu ýaryşyň mowzugy  “Indonezýa” we “Dünýä COVID-19-a garşy” atly temalar bolmalydyr.

Talyplar üçin bolsa syn esasynda döredijilik ideýasy ýaryşy geçirilip, onuň temasy şu aşakdakylardyr:

  • COVID-19 sebäpli sosial, ykdysady, jemgyýetiň saglygyna we syýasy täsirlerine garşy ylmy syn we teklipler.
  • COVID-19 tarapyndan täsir edilen jemgyýeti güýçlendirmek we ösdürmek babatda düşünje we hereket meýilnamasy barada ylmy syn we teklipler.

Döredijilikli afişalar bu bäsleşiige JPEG/PDF formatda registrasiýa edilmelidir we olar 40MB ölçegden uly bolmaly däldir.

Syn esasynda döredijilik ideýalary bolsa .docx ýa-da .doc formatda registrasiýa edilmelidir we olar 20MB ölçegden uly bolmaly däldir.

Registrasiýa işleri iýul aýynyň 13-inden sentýabr aýynyň 7-sine çenli dowam edip, bu işler tölegsiz ýerine ýetirilýär. Ýeňijiler sentýabr aýynyň 25-ne ýüze çykarylar.

Bu döredijilik bäsleşiginde 1-nji orun alana 1000 amerikan dollary, 2-nji orun alana  750 amerikan dollary we 3-nji oruny alana bolsa 500 amerikan dollary gowşurylar.

Registrasiýa işleri üçin: https://io.undip.ac.id/creadenation-2020-international-student-competition/