Hünär derejesini özgertmek üçin Şweýsariýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän talyp haklary (Ylmy-gözleg talyp haky).

Möhleti
13.11.2020
Dereje
Arza göýbermek

Okuw ýyly: 2021-2022ýý.

Döwlet: Türkmenistan

Tabşyrylyş möhleti: 2020-nji ýylyň sentyabr 15 – noýabr aýynyň 13-i.

Daşary ýurtly talyplar üçin Şweýsariýanyň hökümeti tarapyndan talyp haklary hödürlenilýär.

Uniwersitetler:

Basel Uniwersiteti / Bern Uniwersiteti / Fribourg Uniwersiteti / Lucerne Uniwersiteti/ Geneva Uniwersiteti / Neuchâtel Uniwersiteti / University of St. Gallen / University of Zurich / Università della Svizzera italiana/ Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa instituty Lozanna (EPFL)/ Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebi (ETHZ)/ ETH Domain gözleg institutlary (PSI; WSL; EMPA; EAWAG)/ Halkara we ösüş barlaglary instituty (IHEID)/ Günbatar Şweýsariýa amaly ylymlar uniwersiteti / Bern amaly ylymlar uniwersiteti / Demirgazyk-günbatar Şweýsariýa amaly ylymlar uniwersiteti / Gündogar Şweýsariýanyň amaly ylymlar uniwersiteti / Lýuserne amaly ylymlar we sungat uniwersiteti / Günorta Şweýsariýanyň amaly ylymlar we sungat uniwersiteti / Zürcher Fachhochschule/ Mugallymçylyk bilim uniwersitetleri.

Talyp haky diňe Şweýsariýada ylmy-gözlegleri üçin güýje girýär. Bu garyşyk PhD programmalaryna (bölekleýin Şweýsariýa we bölekleýin başga bir ýurda) degişli däl. Bu talyp haky Şweýsariýanyň daşyndaky gezelençlerine degişli däl. Şonuň üçin meýdan işlerine mümkinçilik we serişde ýok. Şeýle hem, bu görnüşli talyp haky ylymlaryň kandidatlary üçin açyk däl.

Iki uniwersitetiň arasynda resmi şertnama (Şweýsariýa bilen daşary ýurt uniwersitetiniň arasynda “cotutelle de thèse” hyzmatdaşlygy) we iki akademik geňeşçiniň bilelikdäki gözegçiligi astynda amala aşyrylýan ýa-da meýilleşdirilen doktorlyk taslamasy bolan PhD talyplary, diňe 12 aýlyk gözleg talyp hakyna arzany tabşyryp bilerler.

Dowamlylygy

iň köp 12 aý (sentýabr aýyndan başlap), uzaltmak mümkin däl. Gözleg talyp hakynyň uzak möhletli PhD talyp hakyna çenli ýokarlandyryp bolmaz.

9 aýdan az wagt galsa grant arzalaryna seredilmez. Alty aýdan az ýaşamak üçin rugsat almak baradaky arzalar ret ediler.

Talyp hakynyň mukdary aýda 1920 Şweýsariýa franky.

Bu talyp haky diňe EUB we EFTA raýatlaryna degişli däl talyplar üçin açyk. FCS Şweýsariýada hökmany saglyk ätiýaçlandyryşynyň tölegini ödeýär.

Maşgala üçin maliýeleşdirme berilmeýär.

Okuw ýerlerde we konferensiýa gatnaşygy üçin hem goldaw ýok.

EUB raýatlaryndan başgalara, öz ýurduna gaýdyp barmak üçin peteginiň tölegini bir gezeklik alyp bilerler (talyp hakynyň ahyrynda berilýär).

300 Şweýsariýa franky mukdarda ýörite ýaşaýyş jaýynyň tölegi (talyp haky başlananda bir gezek) tölenýär.

Alty aýlap ulanyp bolýan jemgyýetçilik transport karty berilýär.

Şweýsariýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän talyp hakynyň eýeleri üçin goldaw hyzmatlary we dürli syýahatlar, iýmit we gezelençler gurnalýar.

Saýlaw kriteriýalary we aýratyn şertler:

  • 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 31-ne çenli alynan magistr derejesi ýa-da ş.m. dereje, Şweýsariýa uniwersiteti tarapyndan ykrar edilen diplomy. Munuň subutnamasy hökmünde, talyp haky başlamazdan ozal talyp haky boýunça Federal Komissiýasyna tabşyrylmaly.
  • Dalaşgäriň doglan senesi 1985-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-den soň bolmaly.
  • Sentýabr aýynda talyp haky başlanda Şweýsariýada bir ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan dalaşgärler bu talyp hakyna gatnaşyp bilmeýärler. Salgylanma resminamasy bar bolsa tabşyrylmaly: arza ýaşamak üçin rugsatnama goşulmalydyr.
  • Dalaşgärler ylmy geňeşçisinden saýlanan Şweýsariýa uniwersitetine doktorlyk dissertasiýasyny goldamak isleýändigini tassyklaýan hat ibermeli (ýanynda gysgaça rezýumesini hem goşmak bilen). Bu hat bolmasa arza ret ediler.
  • Dalaşgärleriň gözleg teklibiniň möhleti bolmaly. Bu arzanyň merkezi diýip hasaplanýar. Dalaşgär muňa ähli zerur ünsüni bermeli.
  • Dalaşgärler gözlegleri üçin zerur dil ukyplaryna eýe bolmalydyrlar.
  • Aýartyn üstünlikler üçin berilýän, Şweýsariýa hökümetiniň talyp hakyny eýýäm alan dalaşgärler ikinji talyp hakyna ýüz tutup bilmeýärler.
  • Dalaşgärler talyp hakyny alýan mahaly Şweýsariýada ýaşarlar diýip umyt edilýär.

Gerekli resminamalar:

Programmanyň 2 resminama toplumyny ( 1 asyl + 1 nusgasy) aşakda görkezilen tertipde ibermegiňizi haýyş edýäris: 1-nji toplumda gol çekilen resminamalaryň asyl nusgalary, maslahat hatlary we gerek bolsa, iňlis diline tassyklanan terjimeler bar. Beýleki toplum, hödürleýiş hatlaryny (diňe 1-nji toplum) hasaba almazdan, 1-nji toplumyň göçürmesidir. 2-nji toplum üçin zerur nusgalar ýok.

1. Surat bilen gol çekilen FCS anketasy (çap edilen).

2. Ylmy neşirleriň, baýraklaryň we ş.m. sanawy bilen doly rezýumesi.

3. Höweslendiriş haty (iň köp 2 sahypa).

4. Diňe FCS gözleg teklibini ulanyp, doly gözleg teklibi (iň köp 5 sahypa, goly bilen bile).

5. Saýlanan Şweýsariýa uniwersitetiniň ylmy ýolbaşçysynyň tezisiň goldamak sebäbini beýan edýän hatynyň göçürmesi. Doktorlyk derejesini almak üçin arzalaryny tabşyranlar, beýleki resminamalardan başga-da anketa bilen birlikde kabul ediş hatyny ibermeli.

Gözleg talyp haklary üçin goşmaça resminamalar:

  • Okuw ýerinden gözegçiniň gysga CV-si.
  • Arza berijiniň saýlan ugry boýunça iki dürli professordan iki sany hödürleýiş haty (diňe FCS asyl nusgasyny ulanyň – diňe birinji toplum üçin möhürlenen konwertleriň asyl nusgalary). Ikinji resminama toplumy üçin göçürme zerur däl.
  • Öň okan uniwersitetleriň / kollejleriň diplomlaryň we baha tabelleriň nusgalary. Iňlis, fransuz, italýan ýa-da nemes dilinde däl bolsa, kepillendirilen iňlis terjimelerini hem tabşyrmaly. Asyl şahadatnamalary tabşyrmaň.
  • Gol çekilen lukmançylyk şahadatnamasy (diňe FCS formasy).
  • Arza berijiniň pasportynyň iki nusgasy (şahsy maglumatlar bilen baş sahypasy). Goşa raýatlygy bolan dalaşgärler iki pasportyň göçürmesini tabşyrmaly . Şweýsariýada ýerleşýän dalaşgärler arzany tabşyranlarynda, Şweýsariýada ýaşaýyş rugsatnamanyň bir nusgasyny tabşyrmaly.

Arza beriş tertibi:

Türkmenistanyň raýatlary üçin resminamalar sanawyny e-mail arkaly Bakudaky Şweýsariýanyň ilçihanasynda alyp bilersiňiz.

Soraglary we arzanyň resminamalaryny aşakdaky salgy boýunça ugratmalydyrlar.

Şweýsariýanyň ilçihanasy:

Icheri Sheher, Böyük Qala Street, No 9 1004 Baku
Turkmenistan
E-mail: baku@eda.admin.ch
Tel: 00994 12 437 38 50
Web: https://www.eda.admin.ch/baku

Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://www.sbfi.admin.ch/sbfi/en/home/education/scholarships-and-grants/swiss-government-excellence-scholarships.html#1582163571