Üstünlik barada ylym: gözlegçileriň bilýän zatlarynyň size boljak peýdasy. Miçigan uniwersiteti tarapyndan hödürlenýär.

39
thumbnail

Okuwyň beýany:

Bu gyzykly okuw isleýän üstünligiňize ýetmek üçin döredildi. Onýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy gözlegleriň netijesinde, iň üstünlikli adamlaryň beýlekilerden tapawutlylykda näme edýändiklerini, IQ-iň üstünlik gazanmagyň iň möhüm çaklaýjysy däldigini (kämahal ýaramaz netijelere ýetirip biljekdigini) we köp umumy ynançlaryň adamlary öz maksatlaryna ýetmekden saklaýandyklaryny öwrenersiňiz.

Bu okuw üstünlik ylmyna esaslanandygyna garamazdan, durmuşyňyzda derrew ulanyp boljak köp amaly pikirleri öwrenersiňiz, esasanam aşakdaky üç ugurlar boýunça:

  • Işde (okuwda) netijeleriň ýokarlanmagy;
  • Hünärde üstünlik gazanmak (üstünligi nädip kesgitleýärsiňiz);
  • Manyly, bagtly we sagdyn durmuşdan lezzet almak.

Bu kursy tamamlaýançaňyz, durmuşda üstünlik gazanmak barada bilimiňiz, köp adamlar bilen deňeşdirende,  has ýokary bolup biler. Öwrenjek iň möhüm sapaklaryňyzyň biri, her gün üstünlikleriň ownuk ýeňişler bilen gazanylmagydyr – kiçijik, ýetip boljak hereketler, bilelikde maksatlaryňyza has çalt ýetmäge we hatda garaşýan zatlaryňyzdan hem ýokary bolup biler. Şeýlelik bilen, alnan bilimleri iň söýgüli durmuş maksatlaryňyza ýetmek üçin anyk ädimlere öwrüp boljak doly iş meýilnamasyny düzmäge mümkinçilik alarsyňyz.

Hasaba alynmak üçin: https://www.coursera.org/learn/success