Angliýada okamak üçin “Chevening” talyp haky.

Möhleti
03.11.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

“Chevening” talyp haky Angliýanyň hökümetiniň Daşary we Arkalaşygyň Ofisi (FCO) we hyzmatdaş guramalar tarapyndan maliýeleşdirilýän halkara talyp haky programmasydyr. Bu maksatnama Angliýanyň uniwersitetinde ähli ugurda magistr derejesini almak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden liderlik potensialy bolan görnükli akademiklere baýraklar hödürleýär.

Talyp hakynyň mukdary:

“Chevening” talyp haky adatça uniwersitetiň okuw töleglerini, aýlyk ýaşaýyş tölegini, Angliýa petek tölegini we esasy çykdaýjylaryny ýapmak üçin goşmaça grantlary we ýeňillikleri öz içine alýar.

Kriteriýalar:

“Chevening” talyp hakyny almak üçin aşakdakylar bolmaly:

• Chevening programmasyna laýyk ýurduň raýaty bolmaly (Türkmenistan Chevening talyp hakyna hukugy bolan ýurt).

Talyp haky gutarandan azyndan iki ýyl soň öz ýurduňyza gaýdyp gelmeli.

• Angliýa uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin arzany tabşyranyňyzda bakalawr derejesine eýe bolmaly.

• Iň azyndan iki ýyl (2800 sagada deň) iş tejribäňiz bolmaly.

• Beýik Britaniýanyň üç dürli uniwersitet kurslaryna arzany tabşyrmak we 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda olaryň birinden teklip almaly. Uniwersitetleriň sanawyny şu ýerden serediň: https://www.chevening.org/scholarships/find-a-course/

• 2021-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli Chevening programmanyň Iňlis dili boýunça talaplaryny kanagatlandyrmaly.

Arzalary kabul etmek 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda başlar.

“ Chevening Awards ” baýraklary üçin arzalar diňe onlaýn programma ulgamy arkaly, ýurduňyzdaky “arzany tabşyrmak” düwmesine girip bolýar. Arza bermegiň iň soňky güni, 2020-nji ýylyň 3-nji noýabry, GMT 12:00.

Arzany nädip tabşyrmaly?

Indiki ädimlerde size kömek etmek üçin aşakdaky gollanmany görüp bilersiňiz.

Iňlis dili boýunça talaplar: https://www.chevening.org/scholarships/who-can-apply/english-language/

Baglanyşyklar: https://www.chevening.org/scholarships/guidance/references/

Gepleşikler: https://www.chevening.org/scholarships/guidance/interviews/

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.chevening.org/