“Ferula Salon” sizi ilkinji gezek Türkmenistan tarapyndan geçirilýän halkara surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Möhleti
04.10.2020
Arza göýbermek

Türkmenistan tarapyndan ilkinji gezek geçirilýän halkara surat bäsleşigine fotosurat eserleriniň kabul edilip başlanandygy barada habar berildi.

Türkmen “Ferula Salon” tarapyndan gurnalan bu bäsleşik PSA (Amerikan Surat jemgyýeti) we FIAP (Halkara Surat sungaty federasiýasy) howandarlygynda geçiriler.

Surat bäsleşigine gatnaşmak isleýänler internationalsalons.net web sahypasynda hasaba alynmaly we bäsleşigiň şertlerini okamaly.

Eserler dört ugur boýunça kabul edilýär – erkin reňkli surat, erkin ak-gara surat, syýahat we köçe suraty.

Kabul ediliş möhleti 4-nji oktýabra çenli.

Bäsleşige gatnaşyjylar FIAP, PCA, IS we Ferula Salon-dan 72 halkara baýragy ugrunda bäsleşer.

Esere köp ýyllyk tejribesi bolan ýokary hünärli suratçylar – Wýaçeslaw Sarkisýan (Türkmenistan), Sergeý Maýorow we Sergeý Anisimow (Russiýa) baha berer. Halkara surat bäsleşiginiň netijeleri 20-nji oktýabrda yglan ediler. Çeşme: https://orient.tm/klub-ferula-priglashaet-k-uchastiju-v-mezhdunarodnom-fotokonkurse-vpervye-provodimom-turkmenistanom/