The University of Melbourne tarapyndan bakalawr derejesiniň talyp haky.

Möhleti
30.11.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

The University of MelbourneAwstraliýanyň iň köne uniwersiteti bolup, mugallymçylyk işine innowasiýa çemeleşmesi bilen tanalýar. Bu uniwersitet bilimleriň ähli ugurlarynda ýokary we aspirantura programmalaryny hödürleýär.

Uniwersitetde 14 fakultet bar:

  • Binagärlik, gurluşyk we meýilleşdiriş;
  • Sungat;
  • Iş we ykdysadyýet;
  • Bilim;
  • Inženerçilik;
  • Melbourne ýer we daşky gurşaw mekdebi;
  • Hukuk;
  • Lukmançylyk, stomatologiýa we lukmançylyk ylymlary;
  • Melbourne aspirantura mekdebi;
  • Ylym;
  • Weterinariýa;
  • VCA we aýdym;
  • Melbourne maslahat beriş we aýratyn programmalar;
  • Melbourne işewürlik mekdebi.

The University of Melbournehalkara bakalawr talyp haky ajaýyp akademiki netijeleri bilen daşary ýurtly talyplara berilýär.

Ilki bilen The University of Melbourne(https://study.unimelb.edu.au/find/) web sahypasynda zerur hünäri tapyp, bu hünäri kabul etmek üçin arzaňyzy tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

Talyp haky üçin aýratyn arzany doldurmagyň zerurlygy ýok. Bakalawr derejesine okuw teklibini alan ähli talyplar awtomatiki gözden geçiriler.

Talyp hakynyň mukdary.

Bu talyp haky aşakdakylardan ybarat:

  • Bakalawr derejesi üçin birinji ýylynda 10 000 dollar okuw tölegi.
  • Bakalawr derejesi üçin üç ýyllyk okuw üçin okuw töleglerine 50% arzanladyş.
  • Bakalawr derejesinde üç ýyllyk okuw üçin 100% töleg.

Kriteriýalar:

Talyp hakyny almak üçin aşakdakylar bolmaly:

  • Awstraliýadan we Täze Zelandiýadan başga bir ýurduň raýaty bolmaly;
  • uniwersitetden bakalawr derejesini almak üçin teklip almaly;
  • okuwyň soňky ýylynda ajaýyp netijeleri gazanmaly;
  • – Iň ýokary derejeli umumy bilim şahadatnamasynda (GCE A derejesi) azyndan dört A * bahasy ýa-da şoňa meňzeş, mysal üçin mekdep şahadatnamasy bolamly (bu kriteriýa uniwersitet bilen düşündirilmeli);
  • – tassyklanan esasy programmada 97% -den az bolmaly däl;
  • – Halkara bakalawr (IB) maksatnamasynda 43 baldan az bolmaly däl;
  • – mundan ozal ýokary okuw jaýynda okamadyk (12-nji ýyl meýilnamasynyň çäginde tamamlanan goşmaça okuwlardan başga).

Arzany nädip tabşyrmaly?

Has giňişleýin maglumat üçin: https://study.unimelb.edu.au/how-to-apply/undergraduate-study/international-applications/applications

Tabşyryş möhleti: 30-njy noýabr.

Doly maglumat üçin: https://scholarships.unimelb.edu.au/awards/melbourne-international-undergraduate-scholarship