George F.Kennan adyndaky gözleg talyp haky (ABŞ)

Möhleti
30.09.2020
Arza göýbermek

Kennan instituty George F.Kennan adyndaky gözleg talyp hakyna arzany  tabşyrmagyň möhletini 30-njy sentýabra çenli uzaltdy.

Bäsleşigiň ýeňijileri üç aýlap Waşington şäherinde gözleg taslamalarynda işlemäge mümkinçilik alarlar. Aýratyn dalaşgärleriň we köpçülikleýin tabşyrylýan arzalar kabul edilýär. Bütindünýä boýunça ähli raýatlar arzalaryny tabşyryp bilerler. Talyp hakynyň mukdary aýda 4000 dollar.

Gözleg tejribesiniň senelerine we görnüşine koronawirus ýagdaýyna baglylykda üýtgeşmeler bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Gözleg toparynyň görnüşi.

Talyp hakyny gazanmak üçin dalaşgärler şahsy ýa-da bir toparyň bölegi hökmünde arzalaryny tabşyryp bilerler. Iki (ýa-da üç) adamdan ybarat bolan topardan arzany tabşyranda azyndan iki dürli ýurduň raýaty bolmaly. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň maksady dürli jemgyýet gatlaklardan bolan hünärmenleriň arasynda bilelikdäki gözleg taslamalaryny öňe sürmek. George F.Kennan toparyň gazananlary:

  • syýasat bilen baglanyşykly neşirler üçin bilelikdäki resminamalary taýýarlarlar;
  • Kolumbiýa okrugynda we  halkara çärelerinde işe wekilçilik ederler;
  • ýygnaklary geçirerler we Kolumbiýa okrugynyň syýasatçylary bilen pikir alyşarlar.

Arzany nädip tabşyrmalydygy barada görkezmeleri anketada tapyp bilersiňiz. Arzalar ekspert topary tarapyndan gözden geçiriler we netijeler adatça 6-8 hepdäniň dowamynda habar beriler. Başlangyç senesi Kennan institutynyň işgärleri bilen maslahatlaşyp kesgitlener.

Tabşyryş möhleti: 30-njy sentýabr.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.wilsoncenter.org/opportunity/george-f-kennan-fellowship