Gollandiýadaky Erasmus Uniwersiteti tarapyndan talyp haky.Bachelor’s and Masters

Möhleti
01.02.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Gollandiýadaky Erasmus Uniwersiteti tarapyndanberilýän talyp haky Gollandiýanyň Bilim, medeniýet we ylym ministrligi we Rotterdamdaky Erasmus Uniwersiteti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu talyp haky Gollandiýada bakalawr ýa-da magistr derejesini okamak isleýän Ýewropa ykdysady sebitine (EEA) girmeýän ýurtlaryň raýatlary üçin niýetlenendir. 

Talaplar:

  • EEA döwletleriň raýatlarynyň sanawyna girmeýän we okuw jaýynda okuw üçin pul töleýän talyp;
  • Rotterdamdaky ErasmusUniwersitetindedoly bakalawr ýa-da magistr derejesini almak üçin arzany tabşyran;
  • Okuwda ýokary bahalary alýan;
  • Gollandiýadaky bilim jaýyndan diplom almadyk;
  • Gollandiýadaky bilim jaýynyň doly kursuna ýazylmadyk;
  • Gollandiýanyň ErasmusUniwersitetiniň talyp hakyny diňe bir gezek alyp bilersiňiz;
  • Fakultet tarapyndan bellenilen aýratyn talaplara laýyk gelýän programma arzany tabşyrmaly. Has giňişleýin maglumat üçin fakultet web sahypaňyzy barlaň.

Milleti: EEA raýaty däl

Ugurlar:

  • Ähli fakultetler (ISS-den başga);
  • Erasmus School of Philosophy (ESPhil): diňe filosofiýa we ykdysadyýet ugurlaryndan magistr derejesi bolan talyplar üçin.

Okuw derejesi: bakalawr, magistr.

Grantyň mukdary: € 5.000, € 10.000 ýa-da € 15.000 (fakultet tarapyndan karar berilýär).

Giriş möhleti: Her fakultetiň öz möhleti bar.

Jikme-jiklikler üçin baglanyşyklar:

Ykdysadyýet mekdebi (ESE) – Bakalawr;

Ykdysadyýet mekdebi (ESE) – Magisr;

Hukuk mekdebi (ESL);

Jemgyýet we özüni alyp baryş ylymlary mekdebi (ESSB) – Bakalawr;

 Jemgyýet we özüni alyp baryş ylymlary mekdebi (ESSB) – Magistr;

 Erasmus MC (EMC);

Filosofiýa mekdebi (ESPhil) (Maliýeleşdiriş bölümine serediň);

Taryh, Medeniýet we Aragatnaşyk Mekdebi (ESHCC);

Rotterdam Dolandyryş Mekdebi (RSM);

Saglyk syýasaty we dolandyryş mekdebi (ESHPM);

 Ýaşaýyş we şäher gurluşygy instituty (IHS).;

Uniwersitet kolleji (EUC);

Study in HollandOpens external.

Arza tabşyryş tertibi fakultet boýunça üýtgeýär. Arza barada has giňişleýin maglumat üçin fakultetiňizi barlaň.

Tabşyrylyş möhleti:

ESE и RSM: 1.02.2021

Başga ugurlar: 1.05.2021

Подробнее: https://www.eur.nl/en/education/practical-matters/financial-matters/scholarships-grants/prospective-students-rotterdam/holland-scholarship-prospective