Iňlis dilini barlamak üçin 3 sany mugt barlag synaglary.

76
thumbnail

Iňlis dilini uzak wagtlap öwrenmeseňiz, bilim derejäňiz üýtgäp biler. Uzak wagtlap bilimini synamadyklary bu makalada görkezilen üç synagdan birini geçmäge çagyrýarys.

British Counsil https://learnenglish.britishcouncil.org/online-english-level-test

British Counsil sahypasynda iňlis dilini bilmek boýunça  mugt synagy geçip bilersiňiz. 25 soraga jogap bermek talap edilýär – teklip edilýän wariantlardan birini saýlamaly we oňa näderejede ynamlydygyňyzy görkezmeli. Synagdan geçeniňizden soň, netijäňiz göterimde we laýyklyk derejesinde görkeziler. Sahypada öz derejäňize laýyk mugt sapak alyp bilersiňiz.

Cambridge English

https://www.cambridgeenglish.org/test-your-english/

Bu sahypada 4 mugt synag bar: iňlis dilini öwrenip başlaýan çagalar, mekdep okuwçylary, ulular we işewürlik iňlis dilini bilmek isleýänler üçin. Hasaba alynmak hökman däl. Synagy tamamlanyňyzdan soň haýsy ýalňyşlyklaryň edilendigini görersiňiz. Iňlis diliniň dürli derejeleri bolan talyplar üçin mugt sapaklar bar.

Test your vocab

http://testyourvocab.com/

Bu synag size tanyş bolan sanawdan sözleri bellemegiňizi talap edýär. Soňra gysga anketany doldurmaly. Netijeler sahypasynda, gepleşikde ulanýan daşary ýurt sözleriň takmynan sanyny görersiňiz. Döredijileriň pikiriçe, ene dilinde gürleýänler köplenç 20,000-den 35,000 söze çenli bilýärler, daşary ýurtlular köplenç 2500-den 9000 söz aralygynda netijeleri görkezýärler.