Ýewropa Parlamentinde Şuman adyndaky tejribe.

Möhleti
30.11.2020
Arza göýbermek

Ýewropa Parlamenti ýaş raýatlaryň hünär taýýarlygyna we edaranyň işine düşünmäge goşant goşmak maksady bilen Sekretariatynyň çäginde dürli tejribe işlerini hödürleýär. Tejribäniň dowamlylygy 5 aý.

Kriteriýalar:

  • 18 ýaşdan uly bolmaly;
  • uniwersitet derejelerine eýe bolmaly;
  • Ýewropa Birleşigiň resmi dillerinden birini bilmeli, şeýle hem başga bir resmi dilini bilmek siziň üçin artykmaçlyk bolar;
  • Jenaýat işini etmedigi barada maglumat bermeli;
  • Ýewropa Birleşiginiň guramasynda ýa-da edarasynda yzly-yzyna iki aýdan köp işlemedik bolmaly;
  • tejribe başlamazyndan ozal Ýewropa Birleşiginiň döwletlerinde 6 aýdan köp ýaşamadyk bolmaly.

Gatnaşyjylar iş ýerine baglylykda aýlyk kömek puluny alarlar.

Dalaşgärler 3 tejribe tekliplerine arzalaryny tabşyryp bilerler.

Tabşyryş möhletleri:

1-nji martdan 31-nji iýula çenli tejribe geçmek üçin iň soňky möhlet – 30-njy noýabr.

1-nji oktýabrdan 28-nji fewrala çenli tejribe geçmek üçin iň soňky möhlet – 1-30-njy iýun.

Arzanyň tabşyrylyş prossesi:

1. Hasaba alynmak.

Hasaby döretmek üçin siz:

  • tejribe teklipleriniň baş sahypasyna girmeli: https://ep-stages.gestmax.eu/search
  • islenýän teklibi saýlamaly;
  • Apply online” düwmesine basmaly;
  • şahsy maglumatlaryňyzy görkezýän täze hasaba alyş blankasyny doldurmaly.

2. Arzany tabşyryň:

  • islenýän teklibi saýlaň;
  • hasabyňyza giriň;
  • rezýumeňizi ýükläň (diňe Europass formaty);
  • her bir tejribe teklibi üçin höweslendiriş hatyny ýükläň (iň köp bir sahypa).

Diňe 3 tejribe teklipleri ulanylyp bilner. Has giňişleýin maglumat üçin: https://ep-stages.gestmax.eu/website/homepage