Confucius Institute Headquarters tarapyndan Hytaýda okamak üçin doly talyp haky. Bachelor. Masters. PhD. Courses

Möhleti
10.11.2020
Dereje
Arza göýbermek

Confucius Institute Headquarters (CIH) halkara hytaý diliniň ökde mugallymlaryny taýýarlamak we beýleki ýurtlarda hytaý diliniň bilimini ösdürmek üçin hytaý dili mugallymlaryna daşary ýurt dili hökmünde diplom almaga talyp hakyny hödürleýär.

Arzany kim tabşyryp biler?

• daşary ýurt raýatlary;
• gowy akademiki görkezijileri bilen gowy fiziki we akyl ýagdaýynda bolanlar;
• hytaý dilini öwrenmäge höwesli bolanlar;
• 16 ýaşdan 35 ýaş aralygy. Häzirki wagtda hytaý dili mugallymy hökmünde işleýän dalaşgärler 45 ýaşdan, bakalawr talyplary 25 ýaşdan ýokary bolmaly däldir.

Talyp haklarynyň görnüşleri:

  • Hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek boýunça PhD  talyp haky (PhDTCSOL);
  • Hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek boýunça magistr derejesi üçin talyp haky (MTCSOL);
  • Hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek boýunça bakalawr derejesi üçin talyp haky (BTCSOL);
  • Bir okuw ýylyň dowamynda okamak üçin talyp haky.
  • TCSOL, Hytaý dili we edebiýaty;
  • Hytaý taryhy, Hytaý pelsepesi;
  • Hytaý dilini öwrenmek.
  • Bir okuw ýylyň dowamynda okamak üçin talyp haky.

1. TCSOL, Hytaý dili we edebiýaty;

2. Hytaý taryhy, Hytaý pelsepesi.

  • Dört hepdelik okuw üçin talyp haky.

1. Hytaý dili we hytaý maşgalasy bilen ýaşaýyş tejribesi, Konfusiý institutlary üçin dört hepdelik ýörite programma.

Talyp haky nämeden ybarat?

Talyp haky okuw, ýaşaýyş jaýy, şahsy çykdajylary we saglyk ätiýaçlandyryşyndan ybarat.

Tabşyryş möhletleri:

10-njy maý (sentýabrda başlaýanlar üçin), 10-njy sentýabr (dekabr aýynda başlaýanlar üçin), 10-njy noýabr (2021-nji ýylyň mart aýynda başlaýanlar üçin).

Arzany tabşyrmagyň tertibi:

Arzalar 2020-nji ýylyň mart aýynyň 1-den kabul edilip başlarlar. Hasaba almak, onlaýn anketany doldurmak we resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ýüklemek üçin ECNU onlaýn anketa ulgamyna we Confucius Institute Headquarters talyp haky web sahypasyna (http://cis.chinese.cn ) giriň.

Has giňişleýin maglumat üçin: http://lxs.ecnu.edu.cn/EN/msg.php?id=38