Awstraliýanyň Central Queensland University tarapyndan şahadatnamaly onlaýn kursy

27
thumbnail

Bu okuwda nerw baglanyşyklaryny (nerw ulgamy we beýni) düýpli öwrenmek we olaryň okuw prosesine we kär gurmakdaky täsiri jemlenýär. Nerw baglanyşyklarynyň ähli ýörelgelerini we nagyşlaryny öwrenip bilersiňiz. Okuwyň ahyrynda uniwersitetden mugt şahadatnama alarsyňyz!

Bu okuw amatly okuw gurşawyny, ynamdar topar gurşawyny we pikir alyşma medeniýetini döretmek üçin neýrobiologiýa gözlegleriniň (nerw ulgamyny we beýnini öwrenmek) bilimde we ýolbaşçylykda amaly ulanylyşyny öwrenýär.

Ýolbaşçylyk we bilim bilen baglanyşykly neýro-ylmy gözlegler soňky on bäş ýylda köpeldi. Bu gysga onlaýn kurs, ýolbaşçylary we mugallymlary derrew ulanyp boljak amaly strategiýalar bilen üpjün etmek aňsat we manyly görnüşde häzirki gözlegleri öwrenýär.

Okuw haýsy temalarda bolar?

  • Newrobiologiýa bilen bilimiň arasyndaky baglanyşyk;
  • XXI asyrda beýnini öwrenmek nähili bolar;
  • Newrologiýa bilen ýolbaşçylygyň arasyndaky baglanyşyk;
  • Neýroýolbaşçylygyň dokuz ýörelgesinden ikisi: ynam (sosial şertnama) we pikir alyşma.

Okuwa başlamak üçin: https://www.futurelearn.com/courses/neuroleadership