Henry Hart Rice adyndaky şäher ylmy-barlaglary üçin talyp haklary (ABŞ)

Möhleti
30.11.2020
Arza göýbermek

 Rice maşgala gaznasy tarapyndan berlen Henry Hart Rice şäher gözleg talyp haky, şäher meselelerini çözmek üçin öz tejribelerini ulanmaga ygrarlydygyny görkezýän görnükli okuwçylary ykrar edýär. Bu talyp haky her ýyl iki sany okuwçyny okatmak üçin doly goldaw berýär.

Kriteriýalar:

  • Şäherdäki möhüm meseleleri çözmek üçin öz tejribelerini ulanmaga taýýardygyny görkezmeli;
  • Okamaga we meseläni çözmäge höwesli;
  • Dilden we ýazuwdan pikirli we düşnükli aragatnaşyk gurup bilýän;
  • Sarsmaz ygrarlylyk, emosional kämillik, ýaramaz şertlerde çeýeligi bar;
  • Hünär basgançagynda üstünlikleri görkezip bilmeli.

Arzanyň tabşyrylyş prossesi:

• Talyp haky beýýannamaňyzy arzaňyz bilen birlikde onlaýn NYU Wagner-e iberiň.

• Talyp hakyny almak isleýänler bir minutlyk wideo düzme hem ibermeli. 2021-nji ýylyň güýz paslynda okuwa başlamak üçin talyp hakyny almak isleýän dalaşgärler üçin tabşyryş möhleti 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-y.

• Saýlanan talyp haky ýarym finalçylary 2021-nji ýylyň fewral aýynyň başyndan ortasyna çenli Skype söhbetdeşliklerine gatnaşmaga çagyrylar.  

• Saýlanan finalçylar 2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkdaky Saýlaw komiteti bilen şahsy söhbetdeşlige çagyrylar. Nýu-Ýorka gidip bilmeýän finalçylar söhbetdeşligi Skype arkaly geçip bilerler. Kazylar topary Wagner uniwersitetiniň hemaýatkär guramalarynyň, mugallymlaryň we uçurymlaryň wekillerinden ybarat bolar.

Giriş möhleti: 30-njy noýabr.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://wagner.nyu.edu/admissions/financial-aid/fellowships/rice