Düzme ýazmak boýunça talyp haky

Möhleti
15.10.2020
Arza göýbermek

Düzme ýazmak boýunça talyp haky, ähli derejedäki talyplar üçin 2500 dollar hemaýatkärlik edilýän pul baýragyna gatnaşmak we gazanmak üçin mümkinçilikdir. Bu talyp haky belli bir sebit ýa-da mekdep bilen çäklenmeýär, hemmeler üçin açykdyr. Ýazyjy bolsaňyz, belli bir mowzukda 1000 söz düzme ýazmak siziň üçin kyn bolmaz, şeýle-de hem pul hökmünde baýragy almaga mümkinçiligiňiz bar.

Kabul edilýän mowzuklar:

Düzme ýazmak üçin talyp haky, ‘First Woman to achieve big’ şygary bilen aýallaryň gizlin zehinini açmak maksady bilen başlandy. Dalaşgärleriň hemmesi (erkek / aýal) gatnaşyp bilerler, ýöne käbir taslamalary ilkinji bolup durmuşa geçiren aýallar hakda hekaýalar tapmaly. Mowzuklaryň mysallary:

  • First Woman Carpenter of Pakistan (Pakistanda ilkinji aýal agaç ussasy);
  • First Woman to Walk-in Space (Kosmosda gezelenç eden ilkinji aýal);
  • First Woman on the moon (Aýda bolup gören ilkinji aýal);
  • First Woman to Climb Mount Everest (Ewerest dagyna çykan ilkinji aýal);
  • First Woman Judge (Ilkinji kazy aýal);
  • First Woman Astronaut( Ilkinji kosmonawt aýal);
  • First Woman Scientist (Ilkinji alym aýal);
  • First Woman Doctor (Ilkinji lukman aýal);
  • First Woman Entrepreneur (Ilkinji telekeçi aýal);
  • First Woman Engineer (Ilkinji inžener aýal);
  • First Woman Mayor ( Ilkinji häkim aýal);
  • First Woman Millionaire (Ilkinji millioner aýal);
  • First Woman Pilot (Ilkinji uçarman aýal);
  • First Woman Prime Minister (Ilknji aýal premýer-ministr);
  • First most charitable Woman (Ilkinji haýyr-sahwatçy aýal);
  • First Woman who set up a world record (dünýä rekordyny goýan ilkinji aýal);
  • First Woman in Science (Ylymda ilkinji aýal);
  • First Woman who won Noble Prize (Nobel baýragyny alan ilkinji aýal);
  • First Youngest Billionaire Woman (Ilkinji ýaş milliarder aýal);
  • First Woman Bus Driver (Ilkinji aýal awtobus sürüjisi);
  • First Woman Automobile Engineer (Ilkinji aýal awtoulag inženeri);
  • First Woman ‘Find a Story and surface her here’ (Ilkinji aýal “Hekaýa tap we çap et”.

Dalaşgärler ýokardaky mowzuklaryň haýsydyr birine 1000 sözden ybarat bolýan düzme düzmeli. Durmuşynda uly üstünlikler gazanan göreşýän aýal hakda hekaýaňyz bar bolsa, bu hekaýa ýokarda sanalan mowzuklaryň artykmaçlygyna eýe bolar, sebäbi bu talyp hakynyň maksady, hemme zada garamazdan, şol aýallary tanamak we ykrar etmegi üpjün etmekdir.

Düzmäni kin tabşyryp biler?

Häzirki wagtda hakyky talyp şahsyýetnamasy bolan kollej we uniwersitet talyplary düzme ýazmak üçin talyp hakyna arzalaryny tabşyryp bilerler. Professional ýazyjylar, redaktorlar we synçylar bu stipendiýany gazanyp bilmezler.

Düzme formaty:

Ýazanyňyzda, düzme formaty üçin aşakdaky düzgünlere eýeriň:

  • Şriftiň ululygy 12pt.
    • Times New Roman şrifti.
    • Suratsyz.
    • Iki aralyk ýa-da azyndan 1,5 gezek aralyk.
    • Abzas 6 setirden geçmeli däldir.
    • 900-1100 söz.
    • Durmuşynda uly işleri bitiren aýal hakda hakyky hekaýa ýazýandygyňyza göz ýetiriň.
    • Eserler göçürilmeli däldir.
    • Faýlyňyzyň göwrümi 2 MB-dan geçmeli däldir.

Düzme nädip tabşyrylmaly?

Eseriňiz 2500 dollarlyk talyp haky üçin tabşyrmaga taýyn bolsaňyz, anketaňyzy iberiň https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSeevnYgyKfAGTlWW4NSkhkwQmiypbVQr17bNf_sDTWySyXofg/viewform

Has giňişlein maglumat üçin: