Ýewropada dilleri bilmän ýokary bilim almak üçin TOP-3 ädimler.

29
thumbnail

Gün günden daşary ýurda okamak mümkinçilikleri köpelýär. Köp adamlar Ýewropada ýokary bilim almak üçin azyndan iňlis/nemes dilleri bilmegiň zerurdygyna ynanýarlar. Bu stereotip ýokary hilli bilim gözleýänleri köplenç ruhdan düşürýär.

Aslynda häzirki wagtda bu dilleri bilmän daşary ýurtlara bilim almaga gitmek gaty elýeterdir. Talyplar üçin okuw mümkinçilikleri birnäçe ýurt tarapyndan hödürlenýär. Şolardan biri, bahasynyň hili bilen daşary ýurtlulary özüne çekýän Germaniýadyr.

Germaniýadaky bilim edaralaryň meşhurlygy iki sebäp bilen düşündirilýär: geljegine laýyk bilim almak üçin mümkinçilikler we pursatlar. Uniwersiteti gutaranlar kanuny taýdan iş tapyp, Germaniýada ýaşap bilerler.

Daşary ýurtly talyplar üçin bilim edaralarynyň birnäçe kategoriýasy açykdyr. Olaryň hersiniň programmalary elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar.

Germaniýadaky daşary ýurtly talyplar belli bir derejede bilim alyp bilerler:

uniwersitetlerde, politehniki institutlarda we akademiýalarda bir ýarymýyllygyň tölegi 600 ýewrodan başlaýar;

• uniwersitetleriň taýýarlyk bölümlerinde bir ýarymýyllygyň tölegi ortaça 600 ýewro. Nemes dilini öwrenip we uniwersitetde okamagy meýilleşdirýän dersler baradaky bilimleriňizi artdyryp bilersiňiz;

Studienkolleg ýöriteleşdirilen bilim edarasy. Esasy okuw ünsüni nemes diline we ýöriteleşdirilen derslere gönükdirýär we okuwçy öz ugruny özi saýlaýar;

Dil mekdebi. Okuw jaýy nemes dilini bilmek, uniwersitetde netijeli okamak üçin zerur ukyplary ösdürmek isleýänlere gönükdirilendir. Germaniýada dil programmalary okuw programmasynyň intensiwligi, aýratynlygy, mowzugy, bahasy boýunça tapawutlanýar.

Dili bilmeýän dalaşgär üçin uniwersitetlere giriş shemasy:

Germaniýada ýokary bilim almak isleýän, ýöne uniwersitet ýa-da instituta girmek üçin ýeterlik derejede nemes dilini bilmeýän adamlar şu ädimler boýunça hereket edip bilerler:

1. Dil kurslary. Olaryň dowamlylygy okuwçynyň ukyplaryna, intensiwligine we maksadyna baglydyr. Ortaça, rus dalaşgärleri 4-6 aý dil programmalarynda okaýarlar.

2. Uniwersitetiň taýýarlyk kurslary. A2 derejesine ýetip, olara arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Programmanyň dowamlylygy adatça 1 semestrden geçmeýär.

3. Uniwersitete ýa-da instituta girmek üçin dil synagyndan geçmek.

Bu şertlerde esasy akademiki taýýarlygyň derejesini hem ýadyňyzda saklamylysyňyz. Ýewropada okamak isleýän mekdep uçurymlary üçin nemes uniwersitetine kabul edilmegiň ikinji ädimi Studienkolleg-de bir ýyllyk okuw laýyk bolar. Dil synagyndan başga-da baha bermek testini tabşyrmak (TestAS) zerur bolup biler.

Çeşme: https://zen.yandex.ru/media/smapse_discovery/top3-shaga-kak-poluchit-vysshee-obrazovanie-v-evrope-ne-znaia-iazykov-5f1ec1a7bc5683540c1906c7